
Transport we infrastruktura ministri Abdulkadir Uralogly sosial media hasabyndan Ýewropanyň Aeronawigasiýa howpsuzlygy gullugynyň (EUROCONTROL) görkezijileri barada maglumat berdi.
EUROCONTROL-yň 21-27-nji awgust aralygyndaky görkezijilerine görä Stambul howa menziliniň gündelik ortaça 1511 uçar gatnawy bilen Ýewropanyň lideri bolandygyny Transport we infrastruktura ministri Abdulkadir Uralogly: "Stambul howa menzili iň gelim-gidimli ilkinji 20 howa menziliň arasynda pandemiýadan ozalkysyna görä 118 göterimlik ösüş etdi" diýip habar berdi.