
Stambul howa menzili 22-28-nji aprel aralygynda Ýewropanyň iň gelim-gidimli howa menzili boldy.
Eurokontrolyň aprel aýynyň 22-28-i aralygyndaky görkezijilerine görä, Stambul howa menzili ady agzalýan döwürde gündelik ortaça 1421 uçar sapary bilen Ýewropanyň in gelim-gidimli howa menzili boldy.
Stambul howa menzilinden soň gündelik 1379 uçar sapary bilen Amsterdam Shiphol howa menzili 2-nji, gündelik 1318 uçar sapary Londonyň Heatrou howa menzili 3-nji, 1258 uçar sapary bilen Frakfurt howa menzili 4-nji we 1216 uçar sapary bilen Pariž Şarl de Goll howa menzili bolsa 5-nji boldy.