Stambul Howa Menzili Ýewropada Birinjiligi Dowam Etdirýär

Stambul Howa Menzili Ýewropada Birinjiligi Dowam Etdirýär

Ministr Uralogly Stambul howa menziliniň günlük 1485 uçuş bilen Ýewropanyň iň gelim-gidimli howa menzili bolmagynda galýandygyny beýan etdi.

Uralogly beren ýazmaça beýannamasynda Ýewropanyň awia gatnaw howpsuzlygy guramasynyň Ýewropa boýunça awiasiýana syn habarnamasy barada durup geçdi.

Habarnamadaky howa gatnaw hasabatyna ünsi çeken Uralogly; “15-21-nji iýul aralygynda ýurdumyz, howa menzillerinden günde ortaça 3,959 uçuş bilen Ýewropada iň ýokary gatnawa eýe bolan ýurtlaryň hatarynda 6-njy orny eýeledi.

Stambul howa menzili günde ortaça 1485 uçuş bilen Parižiň Şarl De Gol we Amsterdam howa menzillerinden öňe geçip, Ýerwopanyň iň gelim-gidimli howa menzili derejesini gorap saklady.

Habarnamada ýer berilen global derejedäki 25 howa menziliniň arasnda 15-21-nji iýulyň aralygynda ortaça günlük 745 uçuş eden Stambul howa menzili, dünýäde-de 7-nji orny eýeledi. Stambul howa menzilimiz Ýewropany dünýä sanawynda birinji orunda wekilçilik edýän howa menzili” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Dünýäniň Iň Gowy 100 Portunyň Arasynda 4 Türk Porty Ýer Aldy
Abdulkadir Damolla uýgur ýazyjysy, şahyr döwlet adamy we alym
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Uralogly: "Pekin bilen Londonyň arasynda ýük daşamagyň möhledi 25 güne çenli azalar" diýdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny