
Stambul howa menziliniň dolandyryjy kärhanasy IGA-nyň sosial media hasabyndan berilen beýanatda: "Halkara Howa menzilleri Geňeşiniň (ACI World) çap eden "2022-nji ýylyň Dünýäniň iň gelim-gidimli 10 howa menzili" sanawynda 2022-nji ýylda 64 milliondan gowrak ýolagça hyzmat berip, sanawyň 7-nji ornuna mynasyp boldyk. Bizi saýlan ähli ýolagçylarymyza minnetdarlyk bildirýäris" diýip habar berdi.
Stambul howa menzili sanawda Atlanta, Dallas, Denwer, Çikago, Dubaý we Los-Anjeles howa menzillerinden soň 7-nji orunda durýar.