Stambul Galata minarasynda 15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik gününiň çäginde 15-nji iýulda şehit bolan gahrymanlaryň suratlary şöhlelendirildi.
Stambulyň Beýogly häkimligi tarapyndan geçirilen çärede, hormatly dymyşlykdan soň Milli sena ýerine ýetirildi.
Ondan soň Galata minarasynda Türkiyäniň baýdagy we 15-nji iýulda şehit bolan gahrymanlaryň suratlary şöhlelendirildi.
Sebitdäki raýatlar we syýahatçylar çärä gyzyklanma bildirip oňa tomaşa etdiler we ol ýerde surata düşdüler.
Beýleki tarapdan bolsa Kommunikasiýalar edarasynyň Stambulyň welaýat häkimligi we 15-nji iýul jemgyýeti bilen eden hyzmatdaşlygynyň netijesinde 15-nji iýul Şehitler köprüsine Türkiyäniň baýdagy asyldy.