“Stad de Fransdaky” 3-nji final, öňki 2 finalda ispanlar çempion boldy

“Liwerpul” bilen “Real Madridiň” arasyndaky UEFA Çempionlar Ligasynyň finaly Fransiýanyň paýtagty Parižiň 90 kilometr töweregi demirgazygynda ýerleşýän Sen-Deni şäherçesindäki “Stad de Frans” stadionynda oýnalar.Aslynda bu final Germaniýanyň Münhen şäherindäki “Allianz Arenada” geçirilmelidi.

Pandemiýa sebäpli final soň Türkiýäniň Stambul şäherindäki Atatürk stadionyna geçirildi. 2021-nji ýyldaky final Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherindäki “Gazprom Arenada” geçirilmelidi. Ýöne pandemiýa sebäpli Russiýada geçirilmedik final 2022-nji ýyla süýşürildi.

Bu ýyl hem sebitde emele gelen ýagdaýlar sebäpli final Russiýadan alnyp, Fransiýa berildi.Fransiýada soňky gezek 2006-njy ýylda Çempionlar Ligasynyň finaly oýnalypdy.

Netijede, UEFA 2022-nji ýylyň finalyny guramak üçin Sen-Denidäki meşhur “Stad de Frans” stadionyny saýlady.Fransiýa 1998 Dünýä Kubogy üçin gurlan bu stadionda şu wagta çenli 2 gezek Çempionlar Ligasynyň finaly oýnaldy.

Fransiýanyň milli ýygyndysynyň duşuşyklaryny geçirýän bu stadionyndan şol 2 finalda-da ispan klublary ýeňiş gazandy. 2000-nji ýyldaky finalda şu ýylyň finalçysy “Real Madrid” “Walensiýany” 3-0 hasabynda ýeňipdi. 2006-njy ýyldaky finalda-da ispanlaryň “Barselona” topary iňlisleriň “Arsenal” klubundan 2-1 üstün çykypdy.

Mahlasy, bu stadion ispan klublar üçin şowly meýdança hasaplanýar.

Ýene degişli makalalar

Ýamalyň rekordy we EURO 2024-iň ilkinji finalçysy Ispaniýa
Ilkinji finalçy Ispaniýamy ýa-da Fransiýa?!
Niderlandlara çärýek finala çykmak kyn düşmedi
Fraýburg Bawariýany Germaniýanyň Kubogy üçin göreşden çykardy
“Mançester Siti” bassyr 3-nji gezek ýarym finala çykdy, “Bawariýa” çykyp bilmedi
Woleýbolçy Gyzlar Şu Gün Hytaý Bilen Bäsleşer