Şri-Lankaly ýazyjy “Buker” baýragyna mynasyp boldy

Şri-lankaly ýazyjy Şehan Karunatilaka “Maali Almeýdanyň ýedi aýy” (The Seven Moons of Maali Almeida) romany üçin 2022-nji ýylyň edebiýat boýunça “Buker” baýragyna mynasyp boldy. Ýazyjynyň bu romanynda 1990-njy ýyllarda Şri-Lankada bolup geçen geň-taň wakalar barada gürrüň berilýär.

Emin agzalarynyň karary 17-nji oktýabrda Londonda iňlis dilindäki edebiýat boýunça iň abraýly baýragyň gowşurylyş dabarasynda mälim edildi.

Baýrak Şa zenan konsort Kamilla tarapyndan ýeňijä gowşuryldy. Baýraga eýe bolan ýazyjy bütin dünýäde ykrar edilmekden hem-de eserleriniň satuwynyň ep-esli artmagyndan başga-da, 50 müň funt sterling (57 müň dollar) pul baýragyna eýe boldy.

Dünýäniň iň abraýly edebi baýraklaryndan biri bolan “Buker” baýragy 1968-nji ýylda döredildi.Ilkinji baýrak gowşurylyş dabarasy 1969-njy ýylda geçirildi.Bu baýrak 2013-nji ýyla çenli Milletler Arkalaşygynyň, Irlandiýanyň ýa-da Zimbabwe ýurtlarynyň birinde ýaşaýan ýazyja berilýärdi.

Soňra emin agzalary beýleki ýurtlaryň ýazyjylaryna hem iňlis dilinde ýazylan we Beýik Britaniýada neşir edilen eserleri bilen baýrak almak üçin bäsleşmäge rugsat berdiler.

Geçen ýylyň noýabr aýynda Günorta Afrikaly ýazyjy Damon Galgut üçünji synanyşygyndan soň bu baýraga mynasyp görüldi. Ol Günorta Afrika Respublikasyndaky aparteid hakda gürrüň berýän “Wada” (Wada) romany üçin sylaglandy.

Ýene degişli makalalar

Buker baýragynyň eýesi mälim edildi
Buker baýragynyň dalaşgärleriniň uzyn sanawy belli boldy
Buker baýragy bolgar ýazyjysy Georgi Gospodinowa berildi
Akylly şäherler geljegiň şäheri
Türkmenistanyň ilçisi Şri-Lankanyň daşary işler boýunça döwlet ministri bilen duşuşdy
Türkmen ilçisi Şri-Lankanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy