Şri-Lankada ýöriş wagty azaşan 180 talyp halas edildi

Şri-Lankada ýöriş wagty azaşan 180 talyp halas edildi

Kelani uniwersitetiniň lukmançylyk fakultetinde bilim alýan talyplaryň 180-si Şri-Lankanyň harbylary we polisiýasy tarapyndan halas edildi. Bu barada Sinhua habarlar gullugyna salgylanýan Belta.by ýazýar.

Polisiýanyň habaryna görä, talyplar geçen şenbede ir bilen Hantana dagyna ýörişe ugrapdyrlar. Olar yzlaryna gaýdyp gelýärkäler, howa ýaramazlaşyp, duman we ýagyş sebäpli azaşypdyrlar.

Hantana dagy Şri-Lankanyň pyýada jahankeşdeleriň arasynda iň meşhur ýerleriniň biridir. Oňa ýerli uniwersitetleriň talyplary hem köp gezelenç edýärler. Polisiýanyň wekiliniň aýtmagyna görä, sebitde howanyň çalt üýtgäp durmagy bilen bagly adamlar dagda ýygy-ýygydan azaşýarlar.

Ýene degişli makalalar

Braziliýadaky suw süýşgünlerinde 33 adam dereksiz ýitdi
Mongoliýada ýazky daşgynlaryň bolup biljekdigi barada duýduryş çap edildi
Hindistanda dini çäre wagty 300 adam iýmit zäherlenmesinden ejir çekdi
Malaýziýada 6,5 müňden gowrak adam sil joşmasy sebäpli öýsüz galdy
Lukaşenko: "Goşunymyz ýurtdan çykmaz" diýdi
BAE-niň Prezidenti täze howa gaznasynyň döredilýändigini yglan etdi