Şri-Lankada Prezident saýlawlary 21-nji sentýabrda geçiriler. Bu barada ýurduň saýlaw komissiýasy habar berdi. Dalaşgärleri hödürlemegiň senesi 15-nji awgusta bellendi. Häzirki Prezidentiň möhleti şu ýylyň 17-nji noýabrynda gutarýar.
2019-njy ýylyň noýabr aýynda geçirilen Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanan Gotabaý Rajapaksa, 2022-nji ýylyň iýulynda ýurtdaky ykdysady çökghünlikler sebäpli işinden çekildi. Şondan soň parlament Ranil Wikramasingheni prezidentlige saýlady.
Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasy Günorta Aziýanyň bir döwletidir. Bu ýurt 1972-nji ýyla çenli Seýlon diýlip atlandyrylypdyr. Sanskrit dilinden terjime edeniňde ol “Abadan ýurt” diýen manyny berýär. 9 welaýatdan ybarat bu ýurtda 21 million 676 müňe golaý adam ýaşaýar. Ýurt 1948-nji ýylyň 4-nji fewralynda garaşsyzlygyny alýar.