Şri-Lankada otly pil sürüsi bilen çaknyşdy

Şri-Lankada otly pil sürüsi bilen çaknyşdy

Şri-Lankanyň gündogarynda nebitli çelekleri daşaýan otly ýabany pilleriň sürüsi bilen çaknyşdy. Bu barada Daily Mirror neşirine salgylanýan TASS habar berdi.

Waka anna güni irden Gündogar sebitdäki Battikaloa-Kolombo ýolunda boldy. Çaknyşyk netijesinde iki pil pida boldy, birnäçesi ejir çekdi. Lokomotiw bilen dört nebitli çelek demir ýoldan çykdy, olaryň ikisi agdaryldy. Otlularyň hereketi togtadyldy, wakanyň netijelerini aradan aýyrmak üçin birnäçe gün gerek bolar diýlip, habarda bellenýär.

Pilleriň Şri-Lankada keramatly hasaplanýandygyna garamazdan, her ýyl ýurtda olaryň 200-e golaýy pida bolýar. Olary ýa otly kakýar, ýa-da öz ekin meýdanlaryny goraýan daýhanlar tarapyndan ýok edilýär. Her ýyl 50 sany adam öýlerine pilleriň hüjümi netijesinde gurban bolýar. Şri-Lankada 7 müň töweregi pil bar diýip, ýurduň resmi edaralary habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly küştçüler Günbatar Aziýanyň çempionatyny üç medal bilen tamamladylar
Läle Şöhradowa küşt boýunça ýetginjekleriň arasyndaky Günbatar Aziýanyň çempionatynda kümüş medala mynasyp boldy
Türkmenistanly ýetginjekler çalt oýnalýan küşt boýunça Günbatar Aziýanyň çempionatynda kümüş we bürünç medala mynasyp boldular
Şri-Lankada ýöriş wagty azaşan 180 talyp halas edildi
Ildeşlerimiz çalt küşt boýunça kümüş we bürünç medal eýelediler
Buker baýragynyň eýesi mälim edildi