Şri-Lankada 150 müňe golaý adam içimlik suwuň ýetmezçiligine duçar boldy

Şri-Lankada 150 müňe golaý adam içimlik suwuň ýetmezçiligine duçar boldy

Şri-Lankanyň okruglarynyň 12-sinde 150 müňe golaý adam guraklyk zerarly içimlik suwa mätäçlik çekýär. Bu barada ýurduň Tebigy betbagtlyklara garşy göreş merkezi habar berdi diýip, Belta.by ýazýar.

Habarda içimlik suwuň gytlygynyň 48 müň maşgala täsir edendigi aýdylýar. Häzir olary suw bilen üpjün etmek ugrunda çäreler görülýär.

Şri-Lankanyň Tebigy betbagtlyklara garşy göreş merkeziniň habaryna görä, ýurtda guraklyk, adatça, ýagyş möwsüminiň gijikmegi ýa-da ygalyň ýeterlik düşmeýändigi bilen baglylykda döreýär.

Ýene degişli makalalar

Şri-Lankada ýöriş wagty azaşan 180 talyp halas edildi
Gyrgyzystandaky suw süýşgünlerinde bäş adam heläk boldy
Lukaşenko: "Goşunymyz ýurtdan çykmaz" diýdi
Waşingtony çabga gark etdi
BAE-niň Prezidenti täze howa gaznasynyň döredilýändigini yglan etdi
Gyrgyzystanyň döwlet Baýdagyny üýtgetmek barada kanun taslamasy kabul edildi
Hindistanyň günbatarynda 20 adamy ýyldyrym urdy