COVID-19-a garşy iki komponentli sanjym “Sputnik V” Russiýanyň taryhynda iň köp eksport edilýän derman serişdesi boldy. Bu barada Russiýanyň Göni maýa goýum gaznasynyň baş müdiri Kirill Dmitriýew habar berdi diýip, interfax.ru belleýär.
Onuň aýtmagyna görä, derman serişdesiniň howpsuzlygyny 50-den gowrak kliniki synaglaryň netijeleri we Ýewropa, Aziýa, Ýakyn Gündogar we Latyn Amerikasy ýaly dünýäniň dürli sebitlerinde milli sanjym programmasynyň çäklerinde “Sputnik V-niň” ulanylyşy baradaky maglumatlar tassyklaýar.
Ol gaznanyň başlangyjy bilen bir komponentli “Sputnik Laýt” sanjymynyň hem işlenip taýýarlanandygyny ýatlap geçdi. Russiýanyň Göni maýa goýum gaznasy “Sputnik V” we “Sputnik Laýt” sanjymlaryny işläp taýýarlamakda we öndürmekde esasy maýadardyr. “Sputnik V” umumy ilaty 4 milliarddan gowrak bolan 71 döwletde, “Sputnik Laýt” 30-dan gowrak döwletde ulanmak üçin tassyklandy.