Rus habarlar gullugy Sputnigiň Latwiýadaky şahamçasynyň redaktory Marat Kasem saklandy.
Žurnalist, ÝB-niň sanksiýalaryny basgylamak we içalylyk etmek bilen günäkärlenýär.
Latwiýanyň raýaty bolan Kasem, birnäçe ýyldan bäri Russiýanyň paýtagty Moskwada ýaşaýardy we Sputnigiň Latwiýadaky şahamçasy bolan Rossiýa Segodýa üçin işleýärdi.
Marat Kasem, täze ýyldan öň maşgala agzalaryny görmek üçin Latwiýa barypdy.
Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Maria Zaharowa, Kasemiň saklanmagyny, Latwiýanyň söz azatlygy meselesinde halkara jogapkarçiligini basgylamak hökmünde häsiýetlendirdi.