Sportuň taryhynda şu gün 17-nji iýul

Sportuň taryhynda şu günüň iň esasy wakasy 1994-nji ýylda ABŞ-da geçirilen 15-nji Dünýä Kubogynyň final duşuşygydyr.Pasadenadaky Rose Bowl stadionynda oýnalan finalda Braziliýa bilen Italiýanyň ýygyndylary duşuşýar.

Oýun o diýen çekeleşikli bolmaýar.Hatda Dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky golsuz geçen hem-de ýeňijisini penalti urgularynyň kesgitlän ilkinji final duşuşygy bolýar.Netijede, Braziliýa penaltilerde 3-2 öňe saýlanyp, kubogy 4-nji gezek asmana göterýär.

Finalyň iň ýatda galan pursaty bolsa, toparyny finala çenli getiren italiýaly super ýyldyz Roberto Bajjonyň penaltini ýokary depmegi we gamgyn halda meýdançada durmagy bolýar.

Şeýle-de şu 1976-njy ýylda Kanadanyň Monreal şäherinde tomusky Olimpiýa oýunlaryna badalga berilýär. Galyberse-de şu gün Halkara Olimpiýa Komitetiniň ozalky prezidentlerinden Huan Antonio Samarançyň, şeýle-de braziliýaly meşhur futbolçy Karlos Albertonyň, gollandiýaly Ýaap Stamyň, argentinaly Klaudio Lopeziň, fransiýaly Benžamin Mendiniň doglan günleri.

Italiýanyň Sassuolo futbol topary hem şu gün esaslandyrylýar.

1920 Italiýanyň “Sassuolo” futbol topary esaslandyrylýar.

1920 Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) prezidenti, ispaniýaly işewür Huan Antonio Samaranç dünýä inýär.

1944 Braziliýaly futbolçy Karlos Alberto Torres dünýä inýär.

1972 Niderlandlaryň futbolçysy Ýaap Stam dünýä inýär.

1974 Argentinaly futbolçy Klaudio Lopez dünýä inýär.

1976 Kanadanyň Monreal şäherinde XXI tomusky Olimpiýa oýunlaryna badalga berilýär.

1994 ABŞ-da geçirilen 15-nji Dünýä Kubogynyň finalynda Braziliýanyň ýygyndysy Italiýadan üstün çykýar (0-0, 3-2 p).

1994 Fransiýaly futbolçy Benžamin Mendi dünýä inýär.

2011 Futbol boýunça Germaniýada geçirilen zenanlaryň arasynda Dünýä Kubogynyň finalynda Ýaponiýanyň ýygyndysy ABŞ-dan üstün çykýar (2-2, 3-1 p).

Ýene degişli makalalar

Iň gymmat goragçy
Transfer täzelikleri
“Real Madrid” hem-de “Mançester Siti” ýeňiş bilen dolandylar
Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar
Benzema 6 ýyldan soň ýygynda çagyryldy, Fransiýanyň ýygyndysy mälim edildi
5-nji gezek çempionlyk gazanan ilkinji ýygyndy