Sportuň taryhy

Sport düşünjesi has irki döwürlerden gözbaş alýar.Bu söz gadymy fransuz dilinden gelip çykyp, oýun, güýmenje diýen manyny aňladýar.Ilkinji sport görnüşleri adamlaryň arasynda göwün açmak, şatlanmak üçin döredilipdir we oýnalypdyr.

Häzirki wagtda dünýäde sportuň ýüzlerçe görnüşi mälimdir.Olar hem oýnalyş düzgüni boýunça ýekeleýin we toparlaýyn görnüşlere bölünýär.Sportuň iň gadymy bäş görnüşi ylgamak, göreş, ýaýdan ok atmak, boks we su çu hasaplanýar.

Ylgamak we göreş Fransiýada ýüze çykan bolsa, ok atmak afrikaly ýaşaýjylaryň arasynda peýda bolupdyr.Boksuň bolsa gadymy Mesopotamiýada peýda bolandygy çaklanylýar.Su çu oýny bolsa Hytaýda ýüze çykypdyr.

Su aýagyň bilen depmek, çu top diýmegi aňladýar.Iň irki futbol hasaplanýan bu oýun topy bambuk tor bilen örtülen derwezä geçirmek arkaly oýnalypdyr. 2004-nji ýylda FIFA bu oýny futbolyň iň gadymy görnüşi diýip tassyklady.

Bägül HOJANEPESOWA,

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Alymlar Mesopotamiýanyň toýun tagtajyklarynda geljek barada çaklamalary tapdylar
30.08.2018 | Türkmenistanyň medeni mirasy - adamzadyň baýlygy
Margiananyň gadymy genji-hazynasy Ýewropanyň jemgyýetçiliginiň üns merkezinde
Gadymy Margiananyň taryhy-medeni gymmatlyklary Ýewropa sergisinde
25.04.2018 | Gadymy Margiananyň taryhy-medeni gymmatlyklary Ýewropa sergisinde
Türkmen milletiniň gadymy genji-hazynasy ilkinji gezek Ýewropada görkezilýär