Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä we sebit derejesinde iri ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Ýurdumyzyň baş baýramy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllyk şanly toýunyň öňüsyrasynda ýene-de bir taryhy wakanyň Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregini bezeýän “Amul Hazar 2018” halkara awtorallisiniň ýatdan çykmajak pursatlarynyň şaýady bolýarys.
Eziz Diýarymyzy ösüşiň belent sepgitlerine alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň sport abraýy has-da belende galýar.Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Merkezi Aziýa sebitinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny kabul etmek hormatyna eýe bolan ilkinji döwlet bu biziň ata Watanymyz eziz Türkmenistandyr.
Döwlet Baştutanymyz bedenterbiýäni we sporty ösdürmegi hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitledi.Milli Liderimiz sportuň döwrebap düzüminiň kemala getirilmegine, hususan-da, tutuş sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň gurulmagy, paýtagtymyz Aşgabatda we ýurdumyzyň ähli welaýatdyr etraplarynda döwrebap stadionlaryň, sport meýdançalarynyň hem-de sport merkezleriniň gurulmagy babatdaky taslamalara uly ähmiýet berýär. Şonuň netijesinde, türkmen sportunyň dünýädäki halkara abraýy has-da belende galdy.Dünýäniň iri sport ýurdy hökmündäki ornuny barha pugtalandyrýan ýurdumyzda 2018-nji ýyl “Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýyly diýlip yglan edildi.
Hakykatdan hem, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hasaplanýan ýurdumyzda bu taryhy söwda we hoşniýetli hyzmatdaşlygyň ýoluny täzeden dikeltmek ugrunda uly hem-de taryhy işler durmuşa geçirilýär. Şeýle möhüm işleriň gyzgalaňly dowam edýän döwründe güneşli Diýarymyzda guralan “Amul Hazar 2018” halkara awtorallisi 2018-nji ýylyň ýylýazgysyna taryhy waka hökmünde altyn harplar bilen ýazyldy.
Dünýä jemgyýetçiliginiň hem-de awtomobil sporty muşdaklarynyň uly gyzyklanmasyna eýe bolan halkara ýaryşyň guramaçylaryndan “Africa Eco Race” awtorallisiniň baş direktory, sport awtomobilleri ýaryşynda dünýäniň iki gezek çempiony, ýolsuz ýerde geçirilýän awtoralli boýunça dünýä kubogynyň ençeme gezek eýesi, “Pariž Dakar” we “Africa Eco Race” ralli-marafonlarynyň ýeňijisi Žan-Lui Şlesseriň belleýşi ýaly, milli Liderimiziň başlangyjy esasynda geçirilýän ralli ýaryşy gysga wagtda guralyp, oňa dürli milletleriň 25-sinden 500-den gowrak adamyň bir ýere jemlenmegi uly ýeňişdir.
HALKARA AWTORALLISINIŇ MAHABATY
Başlangyjy 1-nji sahypada.Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary, sportuň, hususan-da, awtomobil ýaryşlarynyň uly janköýeri milli Liderimiziň başlangyjy bilen geçirilýän halkara awtorallisi gysga wagtyň içinde dünýä jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanmasyna eýe boldy.
Hormatly Prezidentimiziň şeýle iri sport ýaryşyny geçirmek babatda eden teklibiniň yzysüre ýurdumyzyň ministrlikleridir edara-kärhanalary tarapyndan “Amul Hazar 2018” awtorallini halkara sport jemgyýetçiligine tanyşdyrmak maksady bilen köp sanly çäreler geçirildi.
Ilkinji iri tanyşdyrylyş dabarasy şu ýylyň maý aýynda Russiýa Federasiýasynda geçirildi.Soňlugy bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň guramagynda tanyşdyrylyş çäreleri geçirildi.“Amul Hazar 2018” halkara awtorallisini giňişleýin beýan etmek maksadynda ýaryşlaryň resmi saýty — www.turkmendesertrace.com internet saýty döredildi, onda ýaryşlar, Beýik Ýüpek ýoly, türkmen sportunyň taryhy we ýurdumyz hakynda, onuň medeniýeti, şu güni we gazananlary barada habarlar ýerleşdirildi. Şeýle hem jemgyýetçiligiň ünsüni çekmek üçin ýurdumyzyň habar beriş serişdelerinde awtomobil sportunyň taryhy, Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça Türkmenistanda geçiriljek awtomobil ýaryşlary barada habarlar çap edildi.“Amul Hazar 2018” halkara awtorallisi Halkara awtomobil federasiýasynyň (FIA) ünsüni özüne çekdi, onuň ýörite topary bu taslamany geljekde dünýä derejeli ulgama girizmegiň oňat mümkinçilikleriniň bardygyny belledi.
TÜRKMEN AWTOSPORTYÜÇIN TARYHY WAKA
Ýurdumyzda awtomobil sportunyň has-da ýaýbaňlandyrylmagy üçin Awtomobil sporty federasiýasy döredildi. “Amul Hazar 2018” halkara awtorallisi türkmen awtosporty üçin hakyky taryhy waka öwrüldi.Bu federasiýanyň döredilenine onçakly köp wagt geçmändigine garamazdan, ýurdumyzda sportuň bu görnüşi bilen gyzyklanýanlaryň sany ýyl-ýyldan artýar.
Awtomobil sportunyň muşdaklaryna milli Liderimiz şahsy görelde görkezýär.Hormatly Prezidentimiziň bu ýaryşlary geçirmek pikirini diňe bir öňe sürmegi däl, eýsem-de, guramaçylyk meselelerinden başlap, anyk hereketlere çenli onuň durmuşa geçirilmegine hut özüniň howandarlyk etmegi bu iri möçberli awtosport taslamasyna aýratyn dereje berýär.
Döwlet Baştutanymyzyň hut özi ýolsuz ýerlerde sürülýän sport ulagynyň sürüjisi hökmünde Garagum sährasynda awtomobil ýaryşynyň geçjek ýollaryny synag etdi.Ýoluň ugrunda ýaryşa gatnaşyjylaryň oňaýly dynç almagy, tehniki işler we medeni çäreler üçin duralgalaryň 4-si gurnaldy.
Döwrebap tehnikalar, howa ulaglary hem-de ralliniň ýany bilen gitmek we onuň geçişini ýaýlymlarda beýan etmek üçin beýleki ugurdaş serişdeler guramaçylaryň ygtyýaryna berildi.Ýurdumyzyň taryhynda şunuň ýaly ýaryşlary guramak boýunça tejribäniň bardygyny bellemelidiris. 2009-njy ýylda “Ýüpek ýoly” halkara awtorallisini geçirmek başlangyjynyň döwlet Baştutanymyza degişlidigini aýratyn nygtamak gerek.
Bu başlangyç goňşy döwletler bolan dostlukly Russiýanyň we Gazagystanyň Liderleri tarapyndan uly goldawa eýe boldy. Üç ýurduň içinden geçen we dünýäniň 30-a golaý döwletinden awtomobil sporty boýunça ussatlaryň gatnaşmagynda guralan bu ulag ýaryşynyň ýolunyň umumy uzynlygy 4500 kilometr bolup, şonuň köp bölegi Türkmenistanyň çäginden geçdi.
GARAGUM SÄHRASY — ÝARYŞYŇ ÖZENI
Ýaryşlaryň uly böleginiň Garagum sährasynyň içinden geçmegi bäsleşikleriň uly seslenme döretmegine ýardam etdi, dünýäniň ägirt uly çöllükleriniň biri tebigaty goramagyň aýratyn nusgasy hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä tebigy mirasynyň sanawyna girizilmegine mynasyp bolup durýar.
Bu babatda döwlet Baştutanymyzyň pikirine görä, “Amul Hazar 2018” ýaryşlary ekologiýa häsiýetlidir, ýaryşlaryň Garagumuň ekoulgamyna zyýan ýetirmezligi üçin çäreler toplumy üpjün edildi. Şonuň üçin ony eko-ralli, eko-reýd diýip atlandyrmak has ähmiýetli bolsa gerek.Daşky gurşawy goramak, tebigaty tehniki täsirlerden goramak bu gün tutuş adamzat üçin möhüm wezipe bolup durýar.
Döwletimizde bu meselä örän uly ähmiýet berilýär. Şu nukdaýnazardan ralli ýaryşlaryna gatnaşyjylar ekologiýa taýdan arassa, täze EKO-5 kysymly dizel ýangyjy bilen üpjün edildi. Şu gezekki ýaryşlaryň guralyşynda ralli ýaryşlary wagtynda tebigaty goramagyň bähbidine CO2 zyňyndylary azaltmak boýunça konsepsiýa berjaý edildi. Şeýle hem tiz wagtda Owadandepede täze gazhimiýa toplumynyň işe girizilmegi bilen ýurdumyz dünýäde ilkinjileriň biri bolup, Ýewro-5 ülňülerine laýyk gelýän sintetik ekologiýa ýangyjyny öndürip başlar.Halkara awtorallisiniň köp böleginiň Garagum sährasynda geçirilmegi bu ýaryşyň, soňlugy bilen, dünýäde iň abraýly “Dakar” derejeli awtoralli ýaryşlarynyň hatarynda mynasyp orun aljakdygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Garagum sährasy täsinligi nukdaýnazaryndan özünde has köp syrlary saklaýandygy üçin şeýle ýaryşlaryň geçirilmegine mynasypdyr.Bu sähralyk Afrikanyň çöllükleri ýaly birsydyrgyn görnüşli bolman, tebigy köpdürlüligi bilen ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar hem-de islendik pursatda bu janly ekologiýa ulgamynyň garaşylmadyk “sowgatlaryny” peşgeş berýär.
Garagumuň merkezindäki “Altyn asyr” Türkmen köli hem-de “Garagum ýalkymy” diýlip atlandyrylýan bütin dünýä belli alaw jahankeşdeleri bolşy ýaly, türgenleri hem haýrana goýdy.Amuldan Hazara çenli halkara awtorallisiniň guralmagy ýurdumyz tarapyndan ulag ulgamy boýunça öňe sürülýän başlangyçlaryň we taslamalaryň işjeň durmuşa geçirilýändiginiň nyşanydyr, bu başlangyçlar we taslamalar sebit we ählumumy häsiýete eýe bolup, döwletleriň we halklaryň ýakynlaşmagyna, söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmegine, ählumumy ösüşe gönükdirilendir.Mahlasy, milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda geçirilýän bu halkara ýaryş köp sanly myhmanlaryň hakydasynda hemişelik saklanar we parahatçylygyň hem-de dostlugyň ilçisi hökmünde sportuň ähmiýetiniň ykrar edilmegine ýurdumyzyň ýene-de bir goşandy bolar.
“ZamanTürkmenistan”