Sportico neşiri Maýkl Jordany taryhyň iň baý türgeni diýip yglan etdi

Sportico neşiri Maýkl Jordany taryhyň iň baý türgeni diýip yglan etdi

ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň öňki basketbolçysy Maýkl Jordan Sportico neşiri tarapyndan taryhda iň köp girdeji gazanan türgen diýlip yglan edildi. Bu barada prostoprosport.ru habar berdi.

Onuň jemi gazanan girdejisi 2,62 milliard dollara barabar boldy. Ikinjisi orunda 2,1 milliard girdejisi bilen golfçy Tiger Wuds ýerleşdi. Üçünji setirde bolsa 1,5 milliard dollar girdeji bilen golf sportunyň ýene bir wekili Arnold Palmer orun aldy.

Futbol ýyldyzlary - Kriştianu Ronaldu we Lionel Messi degişlilikde bäşinji we sekizinji orunlarda ýerleşdiler. Portugaliýaly oýunçynyň aýlygy 1,24 milliard dollar boldy. Argentinaly ýyldyzyň girdejisi bolsa 1,14 milliard dollar diýlip görkezilýär.

Doly reýtingi siziň dykgatyňyza hödürleýäris:

1.Maýkl Jordan (basketbol) - 2,62 milliard dollar; 2.Tiger Wuds (golf) - 2,1 milliard; 3.Arnold Palmer (golf) - 1,5 milliard; 4.Jek Niklaus (golf) - 1,38 milliard; 5.

Kriştianu Ronaldu (futbol) - 1,24 milliard; 6.Floýd Maýwezer (boks) - 1,2 milliard; 7.LeBron Jeýms (basketbol) - 1,17 milliard; 8.Lionel Messi (futbol) - 1,14 milliard; 9.

Maýkl Şumaher (awtoulag ýaryşy) - 1,13 milliard; 10.Rojer Federer (tennis) - 1,12 milliard.

Ýene degişli makalalar

Ýagşymyradow Bellator 292-de Englikasy ýeňdi, Türkmenistanda Türkiýedäki ýertitremede ejir çekenler üçin 3 milliondan gowrak türk lirasy ýygnaldy, Si Szinpin Hytaýyň prezidenti wezipesine gaýtadan saýlandy we beýleki habarlar
Buker baýragynyň uzyn sanawy mälim edildi
Golfçy Taýger Wuds taryhda üçünji milliarder türgen boldy
Geçen ýylyň iň köp girdeji gazanan türgenleri
Zähmet soňy rehnet
Baba kesbi agtyga halal: Muhammet Aliniň agtygy ilkinji urşunda ýeňiş gazandy