Sport tansy boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryş: üstünligiň şerti we kämillik sungaty

“Bagtyýarlyk” sport toplumynda geçirilen sport tasny boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşa çagalaryň 127-si gatnaşdy. 6 ýaşdan 15 ýaşa çenli Aşgabadyň Сюрприз, Акварель, Art-Motion, Smile, Эллада klublarynda tälim alýan tansçylar güýçlini kesgitlemek üçin bäsleşdiler. Çagalaryň köpüsi üçin tans olaryň durmuşynyň bir bölegine öwrüldi, maksada okgunlylygy we kämilleşmäge islegi olara ýeňiş gazanmaga ýardam edýär.

Türgenleriň çykyşlaryna Anna Begliýewa, Irina Dawidowiç, Ýelena Zmaga, Waleriýa Nepomnýaşşaýa ýaly eminler baha berdiler. Professional eminler toparynyň ýolbaşçysy Aşgabat Aziadasynyň bürünç baýragynyň eýesi we sport tansy milli federasiýasynyň baş tälimçisi Aleksandr Sisekindi.

Meýdança “Çagalar-1” tapgyrynda çykyş edýan 7 ýaşa çenli bir ýyldan az wagt tansa gatnaýanlar çagyrylýar.Tans meýdançasyna ýaryşa ilkiji gezek gatnaşýan hemem ýürejikleri şatlykdan doly misli gaýyp ýören reňbe-reň kebelekleri ýada salýan çagajyklar gelýärler.

Münberlerde bolsa olaryň ata-eneleri, baba-mamalary we beýleki dogan-garyndaşlary çagajyklaryň çykyşyna tolgunyp tomaşa edýärdiler, ellerinde bolsa gül desseleri bilen gyzgyn çaýly termosdyr buterbrodlar bardy...

Iň ýaşajyk türgenler polka, disko we haýal wals tanslarda başarnygyny görkezdiler.Birinji tapgyrdan soň ýaryşa gatnaşan 28 çagadan 20-si saýlandy. Ýaryşdan galan tansçy çagalar hormat hatlarydyr süýjüli sowgatlaryny döşüne gysyp, özlerini goldaýanlaryň hataryna goşulýardylar, olar özüne berilýän gül desseleridir gutlaglara begenýärdiler...

Bu ýerde höküm sürýän dostana ýagdaý çagalaryň utulanyny bildirmän, gaýta olara tansyň nepis tilsimlerini öwrenmekde has ýokary derejä çykmaga höwes döredýärdi.Ikinji tapgyrdan soň 13 çaga galdy. Ýaryşyň aýgytlaýjy tapgyryna 7 çaga gatnaşdy.

Bäsleşiklerde Aýlar Mämmedowa altyn medal eýeledi.

Biziň bilen söhbetdeşlikde Aýlar 6 ýaşyndadygyny, bir ýyla golaý wagt bäri Аrt-Motion klubynda tälim alýandygyny gürrüň berdi.

- Beýleki gyzymam horeografiýa bilen meşgullanýar - diýip, onuň ejesi söhbedimize goşulýar, - çünki tans estetiki terbiýä ýardam edýär.

7-10 ýaşly gyzjagazlar polka, disko we ça-ça-ça tanslaryny ýerine ýetirmekde bäsleşdiler. 038-nji belgide çykyş eden birinji synp okuwçysy Kristina Rahymowa ýeňiş gazandy, oňa altyn medal gowşuryldy.

Meýdança “Çagalar-2” toparynda çykyş edýänler çykýar. Ýaşy 10-a çenli çagalaryň arasynda samba, ça-ça-ça, jaýw we haýal wals tanslary boýunça bäsleşiklerde Ýelizaweta Burmistrowa öňe saýlandy.Liza bilen söhbetdeş bolanymyzda ol indi dört ýyl bäri tansa gatnaýandygyny, bu sylagynyň dördünji medalydygyny gürrüň berdi.

Ol altyn medallaryň üçüsini we bir kümüş medal eýeläpdir.Bu gün Liza meýdança ýeňiş gazanmak niýeti bilen çykypdyr, aýgytlylygam oňa ýeňiş getirdi.

10-12 ýaşlylaryň arasynda Swetlana Jafarowa, 13-15 ýaşlylardan Leýla Muhammetberdiýewa tapawutlandylar.

Tans meýdançasyna “Çagalar-1” we “Çagalar-2” toparlaryna gatnaýan oglan-gyzjagazlar çykýarlar.Polka, ça-ça-ça we wals tanslary ýerine ýetirilýär. 30-njy belgide çykyş edýän jübütler beýlekilerden saýry gelýärdiler.

Olar tansyň ähli elementlerini dürs hem joşgunly ýerine ýetirdiler.Netijede olara birinji ýer berilýär.Ol Daniil Dolgowyň ilkinji altyn medaly bolsa, Darina Goworkowanyň üçünji baş baýragydy.Olar ýaňy 10 ýaşynda bolsalaram, eýýäm ýokary netijeler gazanýarlar.

- Danýa, ýeňşiň bilen gutlaýaryn! Tansyň seniň durmuşyňda näme ähmiýeti bar?

- Tans tansdyr-da! Men-ä futboly gowy görýän...

- Şeýlemi asyl! Meýdançada tasn edişiňi görseň-ä, sen tans üçin doglan ýaly.

- Meniň üçin-ä tans bar zada degýär! diýip, Darina gürrüňe goşulýar. Tans edip ýören Danýa gözüm düşenden şeýle oglan bilen tans edesim gelýändigini bildim. Şondan bärem bile türgenleşip gelýäs.

Meýdança ýetginjekler çagyrylýar... Ýekelikde tans etmekde Angelina Arutýunowa ýeňiş gazandy.

Ýaryşyň ahyrynda 15-17 ýaşlylar çykyş etdiler. Saçlary birkemsiz timarlanan gyzyl köýnegi seçekli, apbasyly gyzlar bilen gunduz-ak köýnekli, şara-gara jalbarly ýetginjekler başarnygny görkezdiler. Haýal wals tansynda 72 we 28 belgili jübütler tapawutlandylar. Jaýwda bolsa 97 belgilililere doganlar Wasýa we Polina Emirhanowlara taý gelen bolmady, netijede olar ýeňiji boldular.

Nepis çeýeligiň we inçe horeografiýa tilsimleriniň baýramy hökmünde täsir galdyran ýaryş tamamlandy. Milli bal tansynyň başyny tutan zehinli we täzeçil tälimçileriň ýolbaşçylygynda türgenleşýän ýaş türgenlere ýetilen dereje bilen kanagatlanman, ussatlygyny has-da kämilleşdirmegini arzuw edýäris we owadandan jogunly sungatyň -- sport tansynyň çalt ösüşiniň şaýady boljakdygymyza umyt bildirýäris.

Ýene degişli makalalar

Sport tansy boýunça 2017-2018- nji ýyllaryň möwsüminde esasy ýaryşlara gatnaşmaga hukuk berýän ikinji ýaryş geçirildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanly žurnalistler malaý kärdeşleri bilen pikir alyşdylar
Buker edebiýat baýragyna dalaşgärleriň deslapky sanawy yglan edildi
Nigeriýada guralan ýaragly hüjümlerde 23 adam ýogaldy