Sport tansy boýunça 2017-2018- nji ýyllaryň möwsüminde esasy ýaryşlara gatnaşmaga hukuk berýän ikinji ýaryş geçirildi

Nowruz baýramynyň öň ýanynda paýtagtyň Sport tansy federasiýasynyň hataryna girýän klublaryna gatnaýanlary sabyrsyzlyk bilen garaşdyran “Bahar owazlary” atly sport tansy boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi. Ol esasy ýaryşlara gatnaşmaga hukuk berýän 2017-2018-nji ýylyň möwsüminiň ikinji ýaryşdyr. Owadan köýnejikler, gelşikli çogdumlanan saçlar, şadyýan göreçler, çeýe hereketler sazly baýramyň ruhuny nygtaýardy, onda Onuň Alyhezreti Nepislik höküm sürýärdi.

Ýaşajyk tansçylar ýaş toparlarynyň dördüsinde polka, disko, rumba, ça-ça-ça ýaly hökmany çykyşlarda bäsleşdiler. Arzyly kuboklardyr hormat münberi-de şu ýerdedi, ýaryşa gatnaşýanlaryň her biriniň ýüreginde baýrak almak höwesi bardy.

Meýdança 0 topardakylar çagyrylýar—şunda 6 ýaşly we ýaşy ondan kiçi gyzjagazlar çykyş edýärler... Biraz böwşeňlik döredi, 4 ýaşlyja çagajyk kejine tutup, asla çykyş etjek däl diýdi. Nätjek, şeýle kiçi ýaşda her hili ýagdaý bolup bilýär-ä! Beýleki gyzjagazlar üçin bolsa, birinjilik hakyky baýrama öwrüldi.

Janköýerler üçin hatarlarda bäsleşige gatnaşýanlaryň ata-eneleri, mamalary, beýleki dogan-garyndaşlary, şeýle hem tans sungatynyň muşdaklary bardy, olar üçin türkmen tanspolunyň geljekki ýyldyzlarynyň ilkinji ädimlerine syn etmek hasam gyzyklydy. Bekewüller toparynda paýtagtyň klublarynyň ýolbaşçylary, tejribeli tälimçileri we hünärli eminler Aleksandr Sisekin, Irina Dawidowiç, Waleriýa Nepomnýaşşaýa, Ýelena Zmaga, Anna Begliýewa, Kristina Hristoforidi dagy bardy.

Şol topardaky çagalaryň ýaşy göz öňünde tutulyp, olara nobatdaky saýlama tapgyry geçendigi barada Hormat haty bilen birlikde süýjüli sowgatlaram berildi. Ýöne bäsleşik bäsleşik bolýar, şol sebäplem emin agzalary Sofiýa Dmitriýewa, Nelli Goworkowa we Milana Çaryýewa degişlilikde 1-2-3-nji orunlary eýeledi diýip ygalan etdiler.

Soňra meýdança 1-nji topara gatnaýanlar—7-8 ýaşly çagalar çykdy.Owadan köýneklije gyzlaryň arasyndan köýnekçesi adaty ak, jalbary gara eşikli bir oglanjyk saýlanyp durdy.Ol 8 ýaşly Artýom Maýaýewdi, oglanjyk gollaryny ýaýyp, daraklygyna galyp, buýsançly başyny belent tutup, tans elementleriniň baryny aýratyn yhlasly ýerine ýetirdi...

Bal tansynyň onuň durmuşynda uly orun tutýandygy görnüp durdy.Gyzjagazlary edep bilen öňe goýberen Artýom bäşinji orna mynasyp boldy.Hormat münberiniň gatlaryna bolsa, Ýelizaweta Burmistrowa, Ýewa Aýrapetýan we Medina Ýusubowa dagy çykdylar.

Kiçijik topardaky çagalar sadalygy, duýgy joşguny we erkin improwizasiýasy bilen ýürekde mähir döretse, birneme uluraklary tansa ussatdyklaryny we öňe saýlanmaga höwesini görkezýärler.

Aşgabadyň 44-nji orat mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Darina Goworkowa ýaşy ona çenli ýaş toparynynda ýeňiş gazandy. Ol şatlygyny paýlaşyp şeýle diýdi:

--Indi men arzuwyma ýetdim—diýip Darina ilkinji söhbetdeşliginde aýtdy.—Meniň üçin su gün iň bagtly gün, ejeme we ajaýyp tälimçim, V Aziadanyň bürünç baýragynyň eýesi Aleksandr Sisekine minnetdarlyk bildirýärin.

--Bu gün maşgalamyzda aýratyn waka boldy—diýip Darinanyň ejesi gürrüňe goşulýar,--sebäbi körpejeler toparynda beýleki gyzym Nelli Goworkowa hem ikinji ýeri eýeledi.

Biz Goworkowlaryň tansçy maşgalasyna täze üstünlikler arzuw etdik. Ikinji we üçünji orny eýelän Arina Slýusarenko bilen Liýa Niýazowany hem gutlaýarys.

Ýetginjekler toparynda çykyş edenleriň bäsleşiginiň çekeleşikli bolşy ýaly, olaryň ussatlygy-da ýokarydy. Olardan Adelina Arutýunowa ýeňiş gazansa, ikini we üçünji orna degişlilikde Angelina Grigorýewa we Anastasiýa Mihaýlowa mynasyp boldular.

Ýene degişli makalalar

Sport tansy boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryş: üstünligiň şerti we kämillik sungaty
Türkmenistanly žurnalistler malaý kärdeşleri bilen pikir alyşdylar
Günorta Afrikaly ýazyjy Deýmon Gelgut Buker baýragynyň ýeňijisi boldy
Buker edebiýat baýragyna dalaşgärleriň deslapky sanawy yglan edildi
Nigeriýada guralan ýaragly hüjümlerde 23 adam ýogaldy
Iň kyn diller