SPORT TÄZELIKLERI

GEÇIRILJEK WAGTY MÄLIM EDILDI

455281.jpgGeljek ýyla süýşürilen Tokio 2020 tomusky Olimpiýa oýunlarynyň geçiriljek günleri mälim edildi.Halkara Olimpiýa Komitetiniň habar bermegine görä, XXXII tomusky Olimpiýa oýunlary 2021-nji ýylyň 23-nji iýuny 8-nji awgusty aralygynda geçiriler.

Tokio 2020 Olimpiýa oýunlary taryhda parahatçylyk ýagdaýynda wagty süýşürilen ilkinji Olimpiada hökmünde hasaba alyndy.Mundan ozal, Olimpiýa oýunlarynyň 3-si 12-nji Jahan uruşlary sebäpli ilki soňa goýlup, ahyrynda-da geçirilmändi.

60 ÝYLDAN SOŇ DOLANÝAR

455323.jpgIňlisleriň meşhur awtoulag öndüriji şereketi “Aston Martin” Formula 1 ýaryşlaryna dolanýar.Lýuks awtoulag öndüriji şereket 2021-nji ýyldan başlap, F1-iň düzümine goşular.Ol häzirki “Reýsing Point” toparyny satyn alyp, onuň ornuna ýaryşa gatnaşar.

Başgaça aýdylanda, “Reýsing Point” topary adyny “Aston Martin” diýip üýtgeder. Ýeri gelende aýtsak, “Aston Martin” awtoulag şereketi mundan 60 ýyl ozal F1-de bäsleşipdi.Topar 1959-njy we 1960-njy ýyllarda Formula 1 ýaryşlaryna gatnaşypdy.

Ýene degişli makalalar

ABBA topary Şwesiýanyň Patyşasyndan rysar ordenini aldy
Nolanyň täze awtobiografik trilleri “Oppenhaýmer”
Lebaply ekerançylar şu ýyl 47,4 müň tonna şaly ýygnamagy meýilleşdirýärler
HBO Garri Potter köp bölümli filmini surata düşürip başlar
Aşgabatda Gagariniň ýadygärliginde gül goýmak dabarasy geçirildi, Lebapsuwhojhalyk birleşiginiň tehniki parky Ýaponiýanyň Komatsu kompaniýasynyň täze ulaglary bilen üpjün edildi we beýleki habarlar
HYYÖU-nyň rektory Esen Aýdogdyýew Ýaponiýada bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdy