Sport täzelikleri

Formula 1-de täze möwsümiň başlanmagynyň öňüsyrasynda “Ferrari”, “Red Bull”, “MakLaren” ýaly toparlar özleriniň täze ulaglarynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Ozal habar berlişi ýaly, dünýäniň iň köp tomaşa edilýän ýaryşlarynyň biri bolan F1-iň täze 71-nji möwsümi 15-nji martda başlaýar.

13 ýyldan bäri çempionlyk gazanyp bilmeýän “Ferrari” toparynyň täze ulagy “SF1000” diýlip atlandyrylýar. Sürüjileri Maks Werstappen we Aleksander Albon bolan “Red Bull” toparynyň täze ulagy “RB 16” bolup, ulagyň synag sürüşleri üstünlikli tamamlandy. “MakLaren” topary bolsa täze ulagyna “MCL35” diýip at goýdy.

Fransiýanyň Monpelie şäherinde geçirilen “Open Sud de France” tennis ýaryşynda Gael Monfils ýeňiş gazandy.Ol finalda kanadaly Wasek Pospisili 7:5 we 6:3 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi.

Bu onuň şu ýaryşdaky 3-nji çempionlygy, umumylykda bolsa, 9-njy ATP kubogy hökmünde hasaba alyndy. 33 ýaşly tennisçi bu ýerde 2013-nji we 2014-nji ýyllarda-da çempion bolupdy.

Polşanyň Torun şäherinde geçirilen ýapyk desga ýeňil atletika dünýä tury ýaryşynda şwesiýaly türgen Armand Duplantis rekord goýdy. Ol syrykly bökmekde 6,17 metr beýiklige böküp, dünýä rekordyny öz adyna geçirdi. Ondan öňki rekord 6,16 metre bökmegi başaran fransiýaly Reno Lawilýene degişlidi. Duplantis 2019-njy ýylda Kataryň paýtagty Dohada geçirilen Dünýä çempionatynda kümüş medal gazanypdy.

Ýene degişli makalalar

Tennis täzelikleri
Sport habarlary
Sport habarlary
Iki tennisçi-de 10-njy kubogyny gazandy
26-njy iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Akdamar Adasynda Buthanada 12-nji Dini Çäre Geçirildi