Barselona şäherinde geçirilen Formula 1 Ispaniýa “Gran Prisinde” “Mercedes” toparynyň britan sürüjisi Lewis Hamilton ýeňiji boldy.Ol 66 aýlawy 1 sagat 35 minut 29,972 sekuntda tamamlap, şu ýylky 2-nji, karýerasyndaky 64-nji ýeňşini gazandy.
Hamiltondan 20,5 sekunt yza galan topardaşy, finlýandiýaly Waltteri Bottas 2-nji, ýeňijiden 26,8 sekunt yza galan gollandiýaly Maks Werstappen (“Red Bull”) 3-nji ýeri eýeledi.Sebastian Wetteliň 4-nji bolan ýaryşynda onuň topardaşy Kimi Raikkonen 26-njy aýlawda ýaryşdan çykdy. Şeýlelikde, Hamilton utugyny 95-e ýetirip, ýaryşy 1-nji orunda dowam etdirýär.
Wetteliň 78, Bottasyň 58 utugy bar.Möwsümiň 6-njy ýaryşy 27-nji maýda Monakoda geçiriler.
“Madrid Açyk Masters” tennis ýaryşynda erkekleriň arasynda germaniýaly Aleksandr Zwerew ýeňiji boldy. 21 ýaşly tennisçi finalda awstriýaly Dominik Tiemi 2 setiň dowamynda 6:4 hasaplar bilen utup, 3-nji “Masters” çempionlygyny gazandy.
Zenanlaryň arasynda-da çehiýaly Petra Kwitowa çempion bolup, ol finalda gollandiýaly Kiki Bertensi 3 setiň netijesinde 2:1 hasap bilen ýeňlişe sezewar edip, Madriddäki 3-nji kubogyny asmana göterdi (2011, 2015, 2018).
“Mançester Sitiniň” täze rekordlaryAngliýanyň “Premier ligasynda” çempionlygyny bireýýäm yglan eden “Mançester Siti” birnäçe rekordy täzeledi. 100 utuk toplan şäherliler iň köp utuk gazanan, 106 gol bilen iň köp gol geçiren, 32 ýeňiş bilen iň köp ýeňiş gazanan, +79 gol bilen iň köp gol aratapawudy görkezen, myhmançylykda iň köp ýeňiş gazanan hem-de köp utuk toplan (16 oýun hem-de 50 utuk), iň köp utuk aratapawudy bilen çempion bolan (19 utuk) hem-de yzly-yzyna iň köp ýeňiş gazanan (18 oýun) topar diýen rekordlary täzeledi.Rekordy öz adyna geçirdi“Liwerpulyň” öz meýdançasynda “Braýtony” 40 hasabynda ýeňen duşuşygynda 1 gol geçiren Mohamed Salah çempionatdaky pökgüleriniň sanyny 32-ä ýetirip, rekordyň ýeke-täk eýesi boldy. Çempionatyň iň netijeli oýunçysy bolan Salahdan öň rekordy 31 gol bilen Alan Şirer, Kristiano Ronaldo hem-de Luis Suares dagy paýlaşýardy.Öňki tapgyrda 2-nji liga düşen “Stok Siti” myhmançylykda “Swansi Sitini” 21 ýeňip, garşydaşyny hem aşaky liga ugratdy.
“Barselona” hem ýeňilýärIspaniýanyň “La Ligasynda” myhmançylykda “Lewanteden” 54 hasabynda asgyn gelen çempion “Barselona” şu möwsümde çempionatda ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy.Duşuşykda ýer eýelerinden Emmanuel Boateng, myhmanlardanam Filipe Koutino het-trik etdi (Boateng 9, 30, 49, Bardi 46, 56 — Kotinio 38, 59, 64, Luis Suarez 71 p). “Real Madrid” bolsa, “Seltanyň” torundan jogapsyz 6 pökgi girizdi (Beýl 13, 30, Isko 32, Hakimi 52, Serhi Gomes 74 ö.d., Kroos 81).
“Hamburg” ahyry 2-nji liga düşdiGermaniýanyň “Bundesligasynda” “Köln” toparyndan soň, “Hamburg” hem “Bundesliga II” düşdi. Ýokary liganyň ähli möwsüminde oýnan ýeke-täk topar bolan “Hamburg” mundan soň, bu derejesini ýitirer.
Olaryň soňky “Borussiýa M.” toparyndan 21 üstün çykmagy-da ligada galmak üçin ýeterlik bolmady. “Wolfsburg” bolsa “Bundesligada” galmak üçin “Holstein Kiel” bilen pleý-off oýnuny oýnar.
Ýedi ýyldan bäri “Ýuwentus”Italiýanyň çempionatynda 37-nji tapgyrda myhmançylykda “Roma” bilen golsuz deňme-deň oýnan “Ýuwentus” bassyr 7-nji, umumylykda 34-nji çempionlygyny mälim etdi.
Möwsümiň agramly böleginde 1-nji orny özünde saklan “Napoli” myhmançylykda “Samporiany” 20 hasabynda utdy.Ukrainanyň çempionatynda “Şahtýor Donesk” 11-nji gezek çempion bolmagy başardy.Doneskliler bu babatda 16 çempionlygy bolan “Dinamo Kiýewden” soň, 2-nji hatarda barýar.Belgiýanyň çempionatynda-da “Klub Brýugge” 15-nji sapar çempionlyk kubogyny gazandy.
Belgiýada iň köp çempionlyk gazanan topar “Anderleht” bolup, ol 34 gezek “Pro League”-ni 1-nji hatarda tamamlady.
Kubogy aldy, soňam…Russiýanyň çempionatynda SSKA “Anžini” utup, Çempionlar ligasyna gönümel gatnaşmaga hukuk gazandy. Şeýle-de “Ufadan” 50 utulan kubogyň eýesi “Tosno” topary “SKA-Habarowskdan” soň, 2-nji liga düşdi. “Dinamodan” 10 utulan “Spartak” Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder. “Zenit” bolsa, “SKA-Habarowskini” 60 hasabynda ýeňdi. “Amkar” bilen “Anži” toparlary ligada galmak üçin pleý-off oýnamaly bolar.