Sport täze ösüş eýýamynda

Ýurdumyzda giň gerime eýe bolan köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň 6-njy sentýabrynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda BMG-niň Baş Assambleýasy ýurdumyzyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary atly Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Bu resminama dünýäniň 87 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmegi onuň tutuş adamzat üçin möhümdiginiň we ägirt uly ähmiýete eýediginiň aýdyň beýanydyr.

Bulardan başga-da, ýaňy-ýakynda ildeşimiz Alp Arslan Begenjowyň Ispaniýanyň Pontewedra şäherinde ýaşlaryň arasynda geçirilen erkin göreş boýunça dünýä çempionatynda ýeňiş gazanyp, ýurdumyzyň taryhyndaky ilkinji altyn medaly gazanmagy türkmen pälwanlarynyň ýaş nesliniň kemala gelýändigini alamatlandyrýar.

Üstümizdäki ýylyň dowamynda ýurdumyzda ýetginjekleriň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşy, Kuraş boýunça dünýä çempionaty, hokkeý boýunça halkara ýaryş we beýleki halkara bäsleşikler üstünlikli geçirildi.Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Çözgüdine laýyklykda, Aşgabat şäheri Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri diýlip yglan edildi.

Aziýanyň Tennis federasiýasy tarapyndan Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da artdyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde alnyp barylýan giň gerimli işler bu ulgamy goldamakda, ýokary görkezijili sporty ösdürmekde, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ykrar edilmeginde, sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalanmagynda uly ähmiýete eýedir. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň 2023 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlanmagy aýdyň tassyklaýar.

Geçen sanlyja ýylyň dowamynda ýurdumyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, sebitleýin sport ýaryşlarynyň, Amul-Hazar 2018 halkara awtorallisiniň, Agyr atletika we Kuraş boýunça dünýä çempionatlarynyň üstünliklere beslenip geçirilendigini bellemek diýseň ýakymly.

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda paýtagtymyzyň gözel künjegindäki Olimpiýa şäherçesiniň Gyşky oýunlar sport toplumynda üstünlikli geçirilen Hokkeý boýunça halkara ýaryşy hem Türkmenistanyň ösen sport ýurdy hökmündäki ornunyň barha pugtalandyrylýandygyny nobatdaky gezek äşgär etdi. 2025-nji ýylda Sambo boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilmegi bolsa buýsanjymyzy has-da goşalandyrýar.

Ýokary derejeli sport hünärmenlerini taýýarlamak, bilim derejelerini yzygiderli artdyrmak, sportuň innowasion görnüşlerini ýurdumyza ornaşdyrmak we ösdürmek, halkara sport hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmak babatynda alnyp barylýan işler ildeşlerimizde gyzgyn goldaw tapýar.

Watanymyzyň dünýä derejesindäki sport abraýyny has-da ýokarlandyrmakda taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli tutumlarynyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyny arzuw edýäris.

Ezizaly BABALYÝEW,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow Aşgabat — sport mümkinçilikleriniň we üstünlikleriniň şäheri atly dabaraly çärä gatnaşyjylara Gutlag iberdi
AŞGABATDA GEÇIRILJEK HALKARA HOKKEÝ ÝARYŞYNA BAGYŞLANAN MEDIAFORUM
Hokkeý toparlarynyň kapitanlary Türkmenistanyň Prezidentini gutladylar
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI
GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI
Türkmenistanyň Prezidenti saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergä hem-de ylmy maslahata gatnaşyjylara Gutlag iberdi