10-njy oktýabrda Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy bilen Malta Respublikasynyň milli ýygyndysynyň arasynda planlaşdyrylan futbol ýaryşy ýatyryldy. Sebäbi, Malta Futbol Federasiýasyna görä, türkmen häkimiýetleri öz futbolçylarynyň günorta ýewropa ýurduna syýahat etmegine rugsat bermedi.
Azatlyk Radiosynyň Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sany soňky wakalaryň fonunda türkmen sportuna gönükdirilýär. Gepleşigimize Fransiýada ýaşaýan asly türkmenistanly sport hünärmeni Myrat Gurbanow gatnaşýar.
Türkmen hökümeti näme sebäpden özüniň futbol boýunça milli ýygyndysynyň daşary ýurt saparyna ýaşyl çyra ýakmady? Türkmenistanda syýasat sport meselelerine nä derejede gatyşýar? Türkmen türgenleri näme sebäpden halkara ýaryşlarda altyn, kümüş we bürünç medallara örän seýrek mynasyp bolýar? Türkmen türgenlerini nämeler ruhlandyrýar, nämeler ruhdan gaçyrýar?
Gepleşigiň dowamynda şuňa meňzeş soraglara jogap tapmaga synanyşýarys! Ýöne gepleşige başlamazdan ozal, bir bildirişimiz bar: bu bildirişiň mazmuny bilen gepleşigiň audio görnüşinde tanyş boluň!