Sport ― bir demde 10 habar (21-nji maý)

Sport ― bir demde 10 habar (21-nji maý)

1. Eýranyň stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça milli ýygyndysy Olimpiýa oýunlaryna Merkezi Aziýadan wekilçilik etmäge hukuk gazandy. Saýlama ýaryşlar Özbegistanda geçirildi.

2. WTA-nyň Strasburg şäherinde geçirilýän halkara ýaryşyna badalga berildi. Bu ýaryşyň ozalky çempiony, dünýäniň 17-nji raketkasy Elina Switolina ýaryşa ýeňiş bilen girişdi. Ukrainaly tennis melikesi ilkinji duşuşygynda fransiýaly Diana Parrini ýeňdi.

3. Kilian Mbappe Parižde hoşlaşyk naharyny berdi. Oňa Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron hem çagyryldy.

4. Amerikanyň Milli basketbol ligasy NBA-da iki Konferensiýada-da finala çykan toparlar belli boldy. Gündogar Konferensiýada ilkinji finalçy Boston Seltiks bolupdy. Olar 5 oýunda Kliwlend Kawalýersi 4:1 hasap bilen ýeňipdiler. Boston Seltiks toparynyň finaldaky bäsdeşi Indiana Peýsers topary boldy.

5. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň bilermenleri GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Aşgabat şäherini Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri diýip yglan etmegi boýunça kararynyň taslamasy barada ylalaşdylar.

6. Germaniýada ýaşaýan Joanna Kwaas atly 98 ýaşly garry zenan dünýäniň iň garry gimnastikaçysy hökmünde rekord goýdy. Ol hat-da ýaş gimnastikaçylaryňam etmekde kynçylyk çekýän hereketlerini üstünlikli amala aşyryp taryha adyny ýazdyrdy.

7. “Al Nasr” her ýyl 200 million ýewro aýlyk töleýän oýunçysy Kristiano Ronaldo üçin täze karar berdi. Topar 39 ýaşly Kristiano Ronaldonyň 2025-nji ýylda gutarjak şertnamasyny ýene bir ýyl uzaltmak isleýär.

8. Angliýanyň “Mançester Siti” toparynyň futbolçysy Fil Foden Angliýanyň futbol çempionatynda “ýylyň futbolçysy” boldy.

9. Halkara futbol federasiýasynyň prezidenti Jianni Infantino, Bangkokda geçirilen 74-nji FIFA mejlisinde çykyş edip, bütin dünýäde futbol rowaýatlaryna gezelenç yglan etdi.

10. Türkmenistanyň milli elektron sport federasiýasy (TMESF) Elektron sport federasiýasynyň kubogyny almak ugrunda basleşik geçirdi, oňa ýurduň dürli künjeklerinden kiberoýunçylar gatnaşdy. Bu ýyl “Galkynysh Esports” topary Dota2, Counter Strike we eFootbol oýunlarynda erkekleriň we aýallaryň arasynda ýeňiş gazanyp, türkmen esport meýdançasynda çempionlygyny dowam etdirdi. PUBG Mobile oýunynda “Titan Class” topary yzly-yzyna ikinji ýyl çempionlygy alýar.

Ýene degişli makalalar

Finala ýeňillik bilen çykdy
“Golden Steýtiň” hem-de “Pittsburgyň” 5-nji ÝEŇŞI
Dünýä Kubogyna 33 gün galdy
Dünýä Kubogyna 12 gün galdy
NBA-da çempion üýtgemedi
Sport ― bir demde 10 habar (18-nji maý)