SpaceX uçuş wagtynda ýolagçylary simsiz internet bilen üpjün etmeklik üçin birbada birnäçe awiakompaniýa bilen gepleşikleriň başlanandygyny habar berdi. SpaceX-iň metbugat sekretary Jonatan Hofelleriň sözlerine görä, kompaniýa eýýäm ýakyn wagtda uçara gurnamak üçin awiasiýa önüminiň birnäçe görkeziliş dabarasyny geçirdi.
Bu habar Starlink-iň awiasiýa bilen hyzmatdaşlygy baradaky ilkinji habary däl, sebäbi geçen ýyl biznes derejesindäki Gulfstream uçarynda Starlink enjamlaryny oturtmak meýilnamalary belli boldy we mart aýynda SpaceX ABŞ-nyň Federal aragatnaşyk komissiýasyndan (FCC) şol enjamlary awtoulaglarda, ýük awtoulaglarynda, gämilerde we uçarlarda ulanmaklyk üçin rugsat sorady.
Mundan başga-da, Starlink-iň 3000 enjamyny orbita çykarmagy meýilleşdirýän Amazon we meýilleşdirilen 640 enjamdan 182 enjamy satuwa çykaran OneWeb ýaly köp bäsdeşi bar. Şeýle bäsdeşlik uçarlarda interneti has-da arzanlaşdyrmaga kömek eder. Bu barada 3dnews.ru habar berdi.