
SpaceX amerikan kompaniýasynyň kosmos gämisi Halkara kosmos stansiýasyna ugrady diýip, Habar 24 ýazýar. Gämi Falcon 9 göterijisi arkaly Floridadaky kosmodramdan uçuryldy.
Gämide ABŞ-dan, Daniýadan, Ýaponiýadan astronawtlar we Russiýadan kosmonawt bar. Olar älem stansiýasynda martdan bäri bolýan dört astronawty çalyşmaly we HKS-de ýarym ýyl işlemeli bolarlar. NASA edarasynyň maglumatlaryna görä, stansiýada barlaglar we ylmy synaglar geçiriler.