“SpaceX”, “Alibaba” we "Boeing" kompaniýalarynyň wekilleri 3-4-nji maý aralygynda Aşgabatda geçiriljek “Halkara ulag we üstaşyr geçelgeler: özara baglanyşyk we ösüş” (ITTC 2023) atly ikinji halkara maslahata we sergä gatnaşmak üçin hasaba alyndy. Bu barada “Turkmen Forum” hojalyk jemgyýeti “Biznes Türkmenistan” internet neşirine habar berdi.
Bu çärä gatnaşyjylaryň hataryna “Vitol”, “Meno Logistics”, “Dragon Oil”, “Fly Dubai”, “Airbus”, “Toyota”, “Lenovo”, “Hyundai”, “General Electric” “Car Deluxe”, “Bureau Veritas Marine Kazakstan LLP”, “Russian Railways” ýaly öňdebaryjy halkara kompaniýalaryň wekilleri, Halkara howa ulagy assosiasiýasy (IATA), Halkara gämi palatasy (ICS), Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşmesi (IRU) we USAID Merkezi Aziýa guramasy girýär.
Maslahata gatnaşmak üçin dünýäniň 40 ýurdundan 500-den gowrak wekiliýet hasaba alyndy.
ITTC 2023 halkara maslahaty Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen “Turkmen Forum” hojalyk jemgyýetiniň hyzmatdaşlygynda gurnalýar.
ITTC 2023 halkara maslahatynyň gün tertibi boýunça maslahat we sergi bilen bir hatarda Ähtnama we şertnamalara gol çekmek dabarasy, seminarlar, şeýle hem iki sany tegelek stol geçiriler. Bu ýerde içerki we daşary ýurtly hünärmenler ulag we logistika pudagynda häzirki zaman tehnologiki çözgütleri hödürlärler, şeýle hem Aşgabat halkara howa menziline, Türkmenawtobana, Türkmenbaşy halkara deňiz portuna baryp görerler.
Maslahata türkmen hökümetiniň ýokary derejeli wekilleri, milli we halkara ulag kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, logistika guramalarynyň hem-de iri halkara maliýe guramalarynyň ýolbaşçylary gatnaşarlar.
Maslahatyň çäginde “Ulag we logistika” halkara ýöriteleşdirilen sergi hem gurnalar.