“SpaceX” 15 sany täze “Starlink” internet hemrasyny orbita çykardy

20-nji iýulda ABŞ-nyň hususy kosmos kompaniýasy “SpaceX” ýene-de 15 sany “Starlink” internet hemrasyny orbita çykardy.

Kompaniýanyň habaryna görä, enjamlar Kaliforniýa ştatyndaky Wandenberg kosmos güýçleriniň bazasyndan “Falcon 9” göteriji raketa arkaly uçuryldy.

Uçurylandan gysga wagt soň, “Falcon 9”-yň birinji tapgyry Ýuwaş ummandaky “Of Course I Still Love You” atly ýüzýän platforma gondy.

“SpaceX”-iň habaryna görä, “Starlink” internetiň durnuksyz, gymmat ýa-da düýbünden ýok ýerlerine ýokary tizlikli giň zolakly internet bilen üpjün eder.

Ýene degişli makalalar

Emeli hemralarynyň sany 5 müňe ýetdi
SPACEX HKS-e halkara toparyny ýollady
Emeli hemralarynyň sany 5 müňe ýetdi
Ýewropa kosmosa dolandy
Kosmosa çykan ilkinji arabystanly zenan
BAE-de Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçirilýär, RT Documentary ahalteke atlary barada filmi surata düşürip başlady, we beýleki habarlar