Bortunda Roskosmosyň kosmonawty Aleksandr Misurkin, ýaponiýaly milliarder Ýusaku Maedzawa we onuň biznes kömekçisi Ýodzo Hirano bolan “Soýuz MS-20” gämisiniň aşak düşürilýän enjamy Gazagystan sährasyna gondy. Bu barada Uçuşlary dolandyryş merkezinden TASS-yň habarçysy habar berýär.
Roskosmosyň baş müdiri Dmitriý Rogozin hem özüniň Telegram kanalynda An-26 ekipažynyň gonuşy tassyklandygyny ýazdy. “An-26 ekipažy ekipažly dolandyrylýan gäminiň aşak düşürilýän enjamynyň gonandygyny tassyklady. Ýere gaýdyp gelmegiň bilen, gadyrly Aleksandr” diýip, ol ýazdy.
Halasgärler ekipažyň agzalaryna çykmaga kömek etmek üçin aşak düşürilýän enjama tarap ugradylar. Misurkin, Maedzawa we Hirano 8-nji dekabrdan bäri orbitada bolupdylar.
Borty Misurkin, Maedzawa we Hirano bilen “Soýuz MS-20” gämisi 8-nji dekabrda Baýkonur kosmodromyndan uçuryldy. HKS-e çenli uçuş dört aýlawly shema boýunça amala aşyryldy. Birleşme awtomatik usulda boldy.
Şol gün HKS-niň bortunda korrespondensiýa punkty işläp başlady, ony döretmek baradaky ähtnama 17-nji noýabrda TASS bilen Roskosmosyň arasynda gol çekildi. Orbitada TASS-yň ilkinji habarçysy Russiýanyň Gahrymany kosmonawt Aleksandr Misurkin boldy. Ol stansiýadaky durmuş we iş hakynda gürrüň berdi, tejribeleriň ýolbaşçylary bilen gürrüňdeş boldy. Agentligiň informasion çeşmelerinde onuň habarlaryny okap, suratlary we wideolary görmek bolýar.