Tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Sowukdan çaýrylan ellere tebigy bejergi usullary” hakynda söhbet etmekçi.
Howanyň sowamagy deriniň guramagyna sebäp bolýar. Esasanda ynjyk derili adamlar üçin deri aşa gurandygy üçin jaýrylyp, egzamanyň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Deriniň tebigylygyny gorap saklamak, çyglylygyny kadalaşdyrmak, derä gerek bolan bejergi taýdan kanagatlanarlydyr.
Jaýrylan elleriňiz üçin şu aşakdaky teklipleri hödürläp bileris;
1. Deriniň çyglylygyny gorap saklamak üçin günde ortaça 2 litr suw içilmeli.
2. Zeýtun ýagy derini ýumşadýar, çyglandyrýar we hereket erkinligini üpjün edýar. Günde iki gezek 5-10 minut aralygynda elleriňize ýyly zeýtun ýagy bilen massaž ediň.
3. Zeýtun ýagyna alternatiw hökmünde mesge hem çaýrylmalary ortadan aýyrýar, elleri ýumşadýar. Yzgiderli ulanmak bolsa derini goraýar.
4. Çaý agajynyň ýagy, datly badam ýagy, künji ýagy, kokos ýagy ýagly derä peýdaly ýaglary ulanmak maslahat berilýär. Esasanda sowukda we semräp, horlanma bagly emele gelýän deri jaýrylmalarynda adybir ýaglar has peýdaly.
5. Elinize günüň dowamynda çyglandyryjy krem çalmak hem jaýryklaryň emele gelmeginiň öňüni alýar. Kremi esasanda dyrnaklaryňyzyň gyralaryna çalmagy ýatdan çykarmaň.
Guraýan, çaýrylan eller üçin tebigy erginler bolsa şeýle;
Zeýtun ýagy we limon suwy
1 nahar çemçesi zeýtun ýagy bilen 1 nahar çemçesi limon suwuny garyp, elinize gowuja çalyň.
Badam ýagy we bal
1 nahar çemçesi badam ýagyny ýyladyp, içine 1 çaý çemçesi bal goşuň. Şol ergini eliňize we dyrnaklaryňyzyň düýbüne gowuja owup, çalyň. Günde ýatmazdan ozal ulanmak maslahat berilýär.
Awokado we Bal
Gaby artylyp, şänigi aýrylan awokadyny gowuja ezenden soň, bir datly çemçesi bal goşup, gowuja garyň. Elleriňize çalandan soň, 30 minut garaşyň.
Süýdüň üçine belli bir mukdarda çopantelpek goşup, gaýnatmak iňňän peýdaly. Süzülen erginiň içine akus tohumy bilen zeýtun ýagyny goşuň. Ony eliňize gowuja owup, çalyň.
Gülüň suwy
Gülüň suwuna birnäçe damja badam ýagyny goşuň, elinizi günde 15 minut şol suwa sokuň. Soň bolsa salfetka bilen süpüriň.
Çyglandyryjy beýleki bir erginiň taýýarlanyşy bolsa şeýle;
1 sany gaýnadylan kartoşka
1 tutum üwelen çopantelpek
1 çaý çemçesi wazelin
Gaýnadylan kartoşka pýure görnüşine getirilmeli. Içine wazelin goşmaly. Gowuja garandan soň gury çopantelpek güllerini goşup, ýaňadandan garmaly. Ergini eliňize çalyp, elýaglyga sarap, ýarym sagat garaşyň we ýyly suw bilen durulaň. Hepdede birnäçe gezek çalsaňyz jaýryklar aýrylar.
Bäbek pudrasy we gliserin
Bu el maskasy üçin 1 çaý çemçesi gliserini 1 çaý çemçesi bäbek pudrasyna garyň. 1-2 damja zeýtun ýagyny goşuň. Ergini krem ýaly goýulaşýança garyň. Bu ergini birnäçe gün ulanyp bilersiňiz.
Kofe maskasy
Kofäniň düýbünde galan goýy erginini eliňize we dyrnaklaryňyzyň düýbüne çalyň. 5 minut soň ýyly suw bilen ýuwuň.
Jaýryklaryň öňüni almak üçin şu ergini ulanmak hem peýdalydyr.
3 nahar çemçesi gül suwy
3 datly çemçesi badam ýagy
2 datly çemçesi limon suwy
1 datly çemçesi tebigy alma sirkesi
Bularyň ählisi bir gabyň içinde garylandan soň ellerinize çalyp bilersiňiz. Erginiň elleriňize gowuja siňmegi üçin eliňize ellik geýip bilersiňiz. 30 minut soň ýyly suw bilen ýuwmak ýeterlik.