Sowuk Söweşe Tarap Ynamly Ädimler Bilen Barýarys

Sowuk Söweşe Tarap Ynamly Ädimler Bilen Barýarys

Dmitriý Peskow ABŞ-nyň Germaniýa uzak aralykly ganatly raketa ornaşdyrmak hakyndaky kararynyň Russiýa gysyş etme başlangyjydygyny beýan edip; “Sowuk söweşe tarap ynamly ädimler bilen barýarys” diýdi.

Peskow rus döwlet ýaýlymy “Rossiýa-1-e” beren beýannamasynda ABŞ-nyň 2026-njy ýyldan bäri “Tomahawk” raketalaryny Germaniýa ornaşdyrmak hakyndaky karary barada-da durup geçdi.

Karar boýunça başlangyçlar bilen ýakyndan gyzyklanjakdyklaryny nygtan Peskow: “Germaniýa, ABŞ, Fransiýa we Britaniýa Ukrainadaky çaknyşyklara gönüden goşulýar. Bular ýurdumyza gysyş etmek we uruş meýdanynda strategik ýeňilişimiz üçin edilýär” diýdi.

Peskow başdan geçirilýän wakalaryň Sowuk urşuň görkezijilerini özünde jemleýändigini nygtap; “Sowuk urşa tarap ynam bilen barýarys. Şeýle wakalar ozalam bolupdy” diýdi.

Russiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sergeý Rybakow düýn beren beýannamasynda ABŞ-nyň şol kararyna “harby taýdan jogap taýýarlarys” diýipdi.

ABŞ we Germaniýa tarapyndan düýn berilen bilelikdäki beýannama görä “Tomahawk” kysymly ganatly raketalary hem-de beýleki urak aralykly ýaralag 2026-njy ýylda başlap Germaniýa ornaşdyrylar.

ABŞ şeýle uzak aralyk üçin niýetlenen ýaraglary Germaniýa soňky gezek 1990-njy ýyllarda ornaşdyrypdy.

Ýene degişli makalalar

Tramp, Zelenskiý we Putin Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Russiýa Ukraina Bilen Gepleşiklere Taýýar
Russiýa Jo Baýdeniň dalaşgärlikden çekilmegi barada beýannama berdi
Russiýa Donald Trampa garşy guralan hüjüm barada beýanat berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
“Russiýa, Ukraina Bilen Gepleşik Geçirilmegine Oňyn Garaýar”