Sowuk howanyň adama täsiri

Gyş pasly dowam edýär.Eýsem, sowuk, esasan hem, gyş paslynyň howasy bedenimize nähili täsir edýärkä?Geçirilen barlaglara görä, sowuk howa adama hemişe ýaramaz täsir hem edip durmaýan eken.

Sowukda beýniniň işjeňliginiň artýandygy, has gowy işlemäge ukyplydygy barada ylmy garaýyşlar bar.Sowuk howada bedeniň peýdaly ýaglary işläp çykarýandygy, zyýanly ýaglary bolsa, ýakýandygy belli boldy.Sowuk howa myşsalaryň çişmegine mümkinçilik bermän, agyryny azaldýan eken.

Muňa garamazdan, sowuk howanyň oňaýsyz ýagdaýlary hem döredip biljekdigini unutmaly däl.Aýazly howada ýa-da pes temperaturaly otagda howanyň basyşy azalyp, kellagyrysyna we migrene (maňlaýyň iki gapdalyndaky ýiti agyry) sebäp bolmagy mümkin. Şonuň üçin kelläňizi ýyly saklamak maslahat berilýär. Şeýle hem sowuk howa demgysmalylar üçin howply bolup biler.

Adatça, sowuk howada dem alynmagy öýkeniň gysylmagyna getirýär. Şonuň üçin gyşyň has sowuk günlerinde sagdyn adamlar üçinem dem almak ýeňil bolmaýar. Şeýle ýagdaýda agyz-burun örtügini dakynmak peýdalydyr.Mundan başga-da, gyş möwsüminde nah matadan tikilen eşikleri we gyşa niýetlenen aýakgaplary geýmek maslahat berilýär.

Ykjam köwüşler sizi sürçek ýanýodalarda ýykylmakdan gorar.

Merjen Mowlamowa,

Gökdepe etrabynyň 12-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Gury üsgülewigiň tebigy bejergisi…
Wulkanlaryň we buzluklaryň ýurdy
ABŞ-da güýçli aýaz sebäpli 83 adam heläk boldy
Edirne Ak peýniri
Bedeni gyş paslyna taýýarlamagyň usullary
Berlin diwarynyň ýykylmagy
NG Kutahya dükany öý üçin bio-kaminleriň köp sanly görnüşlerini hödürleýär