Şotlandiýanyň Premýer-ministri Hamza Ýusuf, kasam edip resmi taýdan wezipesine başlady.
Hamza Ýusuf, Şotlandiýanyň paýtagty Edinburgdaky Ýokary Kazyýetde geçirlen dabarada kasam edip, resmi taýdan wezipesine başlady.
Asly Pakistanly 37 ýaşyndaky musulman Hamza Ýusufuň ministrler kabinetiniň mejlisini şu gün kesgitlemegine garaşylýar.
Ýusufyň, Şotlandiýanyň Premýer-ministri we Şotland milli SNP partiýasynyň başlygy Nikola Sturgeonyň hem premýer-ministrlikden hem-de partiýanyň başlyklygyndan çekilmeginden soň başlan liderlik ýaryşynda 27-nji martda üstünlik gazanmagyndan soň düýn Şatland Parlamentinde sese goýulşyk geçirlipdi.
SNP-nyň täze başlygy hökmünde saýlanan Hamza Ýusuf, parlamentde geçirlen sese goýulşykdan soň Şotlandiýanyň ilkinji musulman premýer-ministri boldy.
Kakasy Pakistanly bolan we 1960-njy ýyllarda Şotlandiýa göçen Hamza Ýusufyň ejesi bolsa Keniýada Günorta Aziýaly maşgalanyň perzendi hökmünde dünýä inýär.