Şotlandiýada Wan Goguň öň belli bolmadyk awtoportretini tapdylar

Şotlandiýada Wan Goguň öň belli bolmadyk awtoportretini tapdylar

Şotlandiýanyň Milli galareýasynyň hünärmenleri nusgawy nakgaş Winsent wan Goguň öz belli bolmadyk awtoportret eserini tapdylar, ol suratkeşiň Ak çepesli (çepes - aýallaryň ýa-da çagalaryň ýukajyk ýeňil sümmenleri) daýhan aýalyň portreti (Портрет крестьянки в белом чепце) atly meşhur eseriniň aşagynda oňat gizlenipdir diýip, The Guardian habar berdi diýip, MIR24 ýazýar.

Sungat eseri galareýa 1960-njy ýylda edinburgly adwokat Aleksandr Meýtlend tarapyndan sowgat berlipdir, şunça ýyllap sungaty öwrenijiler onuň ikinji gatlagynyň bardygyny bilmändirler.

Golaýda muzeýde tomusky sergä taýýarlyk görülýärkä, kartinany rentgen şöhleleri bilen ýagtylandyryp, alnan rentgen suratlary fotolaboratoriýada täzeden işleýärkäler, ol ýerden Wan Goguň seredip duran keşbiniň üstünden barýarlar.

Hünärmenler kartinanyň Wan Goguň synag awtoportretleriniň bir bölegidigini belleýärler. Öň hem nakgaşyň şeýle işleriniň bäşisi Niderlandiýanyň muzeýinde saklanýar.

Ýene degişli makalalar

110 ýaşly erkek kişi uzak ýaşamagynyň syryny açdy
Niderlandlarda Wan Goguň nakgaşlyk eseri satuwa çykarylar
Mewlüt Çawuşogly Gwineýalylara çagyryş berdi...
Aşgabat binalar toplumy halkara güwänamalaryna mynasyp boldy
Wenesuelanyň 112 ýaşly ýaşaýjysy dünýäde iň garry erkek adam diýip ykrar edildi
Dünýäniň Iň Ýaşuly Adamy 113 Ýaşynda
Dünýäniň iň garry adamy