Sosial-demokratik partiýasy ýeňiş gazandy

1-nji dekabrda Rumyniýada geçirilen parlament saýlawlarynda Sosial-demokratik partiýasy 23 göterimden gowrak ses alyp, ýeňiş gazandy.Bu barada ýurduň Merkezi saýlaw topary habar berdi.Bu saýlawlarda Rumyniýanyň raýatlary geljek 4 ýyl üçin Deputatlar palatasynyň we Senatyň agzalaryny saýladylar.

Maglumatlara görä, Sosial-demokratik partiýasy her iki palatada-da öňdeligi eýeläp, Senatda 23,71 göterim, Wekiller palatasynda 23,07 göterim ses aldy. Şeýle-de “Rumynlary birleşdirmek üçin bileleşik” (AUR) 17,44 göterim, “Rumyniýanyň wengrleriniň demokratik bileleşigi” (UDMR) 16,62 göterim, Milli-liberal partiýasy (NLP) 14,93 göterim ses bilen Senata girdiler. Şeýle hem 16,98 göterim bilen AUR, 16,49 göterim bilen UDMR we 14,31 göterim bilen NLP Wekiller palatasyna girdi.

Wekiller we senatorlar wezipelerine 10 müňe golaý adam dalaş edýär, ýöne olaryň bary-ýogy 456-sy parlamente girer.Mundan öň, 24-nji noýabrda, Rumyniýada Prezident saýlawlary geçirildi.Onda sagçy syýasatçy Kelin Jorjesku birinji orny eýeledi.

Ikinji orny “Rumyniýanyň halas ediş birleşigi” liberal partiýasyndan Ýelena Laskoni eýeledi.Indi Jorjesku bilen Laskoniniň gatnaşjak Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyry 8-nji dekabrda meýilleşdirilýär. /* custom css */ .td_uid_15_674da375be953_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_674da375be953_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Rumyniýa Prezidentini saýlaýar 
Özbegistanda täze ulgam boýunça saýlaw geçiriler
Rumyniýada Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyry geçer
Rawşanbek Alimow Özbegistanyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipesine bellenýär
Parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy
Möhletinden öňki saýlawlar geçiriler