Sosial-demokratik partiýasy ýeňiş gazandy

Şwesiýada geçirilen ählumumy we ýerli saýlawlaryň deslapky netijelerine görä, Premýer-ministr Magdalena Anderssonyň ýolbaşçylygyndaky Sosial-demokratik partiýasy öňdeligi eýeleýär. Ses berişlik 7 million 700 müň saýlawçynyň gatnaşmagynda geçirildi.

Şwesiýanyň döwlet telewideniýesi SVT tarapyndan mälim edilen deslapky netijelere görä, Sosial-demokratik partiýasy 29,3 göterim sese eýe boldy. Çepçi blogyň beýleki partiýalary – Ýaşyllar partiýasy 5,8 göterim, Çepçi partiýa 7 göterim sese eýe boldy. Çepçi blog bilen hyzmatdaşlyk etjekdigini aýdýan Merkez partiýasy 7,7% ses aldy.

Öňdebaryjy aram-konserwatiw partiýasy 18,8 göterim sese eýe boldy. Bileleşigiň beýleki partiýalary bolan Liberal partiýasy saýlawlaçylaryň 4,7 göterimini, Hristian Demokratik partiýasy bolsa, 5,2 göterimine eýe boldy.

Ultrasagçy Şwesiýanyň Demokratik partiýasy seslerini 20,5 göterime çenli ýokarlandyrdy.UDP ýurtdaky ikinji uly partiýa derejesine çykdy.Ol 2018-nji ýyldaky saýlawlarda 18 göterim ses alyp, üçünji partiýa boldy.

Resmi däl maglumatlara görä, sagçy partiýalar 49,2, dolandyryjy çepçi partiýalar bolsa 49,8 ses aldy.Bu sanlara görä, 349 orunlyk mejlisde çepçi partiýalar 176, sagçy partiýalar bolsa, 173 orun alýar.

Ýene degişli makalalar

Sesleriň köplügine eýe boldy
Özbegistanda täze ulgam boýunça saýlaw geçiriler
Dalaşgär hökmünde bellige alyndy
“Erkinlik” partiýasy öňde barýar
Sagçy konserwatorlar ýeňiş gazandy
Ýaponiýada parlamentiň ýokarky palatasyna saýlawlar geçirildi