Şor topraga we guraklyga çydamly bugdaý tohumy döredildi

AgroPages onlaýn platformasynyň habaryna görä, müsürli hünärmenler genetiki taýdan üýtgedilen bugdaýyň täze görnüşi synagdan geçirdiler. Ýurduň Atom Energiýasy Guramasynyň oba hojalygyny öwrenýän alymlaryň genetiki taýdan üýtgedilen bugdaýyň täze görnüşini ýygnap başlandyklaryny habar berdi.

Doktor Amr El-Hajyň ýolbaşçylygyndaky Müsüriň Atom Energiýasy Guramasy täze görnüşiň ýokary öndürijiliklidigi we şor ýerlerde ösmäge hem-de suwsuzlyga çydamly häsiýetdedigi barada habar berdi.Bu görnüşi ösdürip ýetişdirmegiň bary-ýogy 140 gün dowam edýändigi bellenilýär. Şeýle-de tejribede bu bugdaý görnüşiniň her gektaryndan 4 tonnadan gowrak hasyl alyndy.

Alymlar bu bugdaýynyň ösdürilmeginiň Müsürde bu hasylyň ýerli önümçiligini 33% ýokarlandyryp, bugdaý importyny azaldyp biljekdigine bil baglaýarlar.

Habarda bellenilişi ýaly, Müsürde her ýyl 10 million tonna töweregi bugdaý hasyly alynýar. Ýurtda azyk maksatly her ýylda, ortaça, 18 million tonna bugdaý sarp edilýär. Hut şu maksatdan ugur alyp, ýurduň hökümeti geljek üç ýylda bugdaý meýdanlaryny köpeltmek üçin iş alyp barýar.

Serdar REJEPOW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Ýadro güýç milli energiýa howpsuzlygynyň açarymy?
Litiý Ýeňil Emma Gymmat Bahalydyr
“Eýranyň Ýadro Ýaragyna Eýe Bolmagyna Asla Ýol Bermeris”
Pakistanyň Atom Desgalary Dünýä Standartlarynda
Ýaran Ýurtlaryň Atom Güýji Giňeldilmeli
Altyn Ýunus Täze ýyl sowgatlary üçin konditer önümlerini hödürleýär
Türkmenistan BMG bilen bilelikde halkara maslahat geçirer