Sony ýene on ýyldan dünýäniň nähili özgerjekdigini görkezdi

Sony ýene on ýyldan dünýäniň nähili özgerjekdigini görkezdi

Sony Global kompaniýasy resmi YouTube-ýaýlymynda futuristik rolik çap etdi, onda ýapon kompaniýasy golaý geljekdäki dünýäni nähili çaklaýandygyny görkezýär diýip, Mail.ru ýazýar.

Sony öňdäki 10 ýylda biziň dünýämiziň köp gatly boljakdygyny çaklaýar. Onda hiç hili serhetsiz wirtual we fiziki barlyklar bir-birine galtaşarlar.

Kompaniýanyň hünärmenleri şeýle-de wideoda adaty bolmadyk enjamlary görkezdiler, olar çarçuwasyz we kagyz ýaly inçejik planşet, togalak smartfon we uçýan ekranly oýun konsolydyr. Emma Sony özüniň bu görnüşdäki enjamlary heniz öndürmändigini habar berdi,

Öň bu kompaniýa ýanyňda göterilýän serginledijini öndüripdi.

Ýene degişli makalalar

8-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanda etniki özbeklerden öz milli atlaryny dakmazlyk talap edilýär
12-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
"Aşgabatda üýtgeşikligiň boljagyna umyt edýärin, ýöne munuň üçin olar çagyryşlaryň hötdesinden gelmeli" - Edward Lemon
YouTube Music goşmaçasynda indi aýdymy hiňlenip tapyp bolýar
Bilermen Dubnow türkmen häkimiýetlerini Şyhmyradowyň ykbalyny aýan etmäge çagyrýar