Sony Music, Universal Music Group we Warner Records saz ýazyjy studiýalar emeli aň ulgamyndaky startaplar bolan Suno we Udio kompaniýalarynyň üstünden kazyýete ýüz tutdy. Olar awtorlyk hukugynyň bozulmagynda aýyplanýar diýip, New York Post gazetine salgylanýan Ren.tv habar berdi.
Studiýanyň hukukçylary bu ady agzalan startaplardan peýdalanyjylaryň meşhur saz kompozisiýalaryň birgidenini täze saz eserini döretmek üçin peýdalanýandyklaryny aýdýarlar.Olaryň arasynda The Temptations toparynyň My Girl, aýdymçy zenan Meraýýa Keriniň All I Want for Christmas Is You we Jeýms Braunyň I Got You aýdymlary bar. Şeýle hem olara emeli aňyň kömegi bilen Maýkl Jeksonyň, Brýus Springstiniň hem-de ABBA toparynyň seslerini dikeltmek başardypdyr.
Studiýalar indi bu startaplardan her nusgalanan aýdym üçin 150 müň dollar möçberde öweztölegini talap edýärler.
Arzçylaryň pikiriçe, Suno startapy 662 aýdymy we Udio 1670 aýdymy nusgalapdyr.
New York Post gazetiniň maglumatlaryna görä, bu emeli aňy peýdalanyp, saz döretmek bilen meşgullanýan kompaniýalaryň garşysyna ilkinji kazyýet şikaýatydyr.