“Sony” awtoulag senagatyna aralaşar

Dürli elektron enjamlaryny öndürýän “Sony” kompaniýasy awtoulag senagatyndaky ornuny pugtalandyrmak isleýär.Soňky ýyllarda ýokary tehnologiýa talap edýän elektroulaglaryň önümçiliginiň artmagy bilen bu ugurda iş alyp barýan kompaniýalaryň sany hem artdy.

Mundan ozal ýapon brendi “Vision-S 01” we “Vision-S 02” atly nusgalyk ulaglaryny köpçülige görkezipdi.Kompaniýa awtonom sürüş tehnologiýasyny hem kämilleşdirmegi göz öňünde tutýar. “Sony” 2025-nji ýyla çenli dünýäniň global derejede iş alyp barýan 20 kompaniýasynyň 15-siniň ulaglaryny ekran tehnologiýasy bilen üpjün etmegi maksat edinýär.

Kompaniýanyň bu ugurda iş alyp barýan bölüminiň başlygy Teruşi Şimizu 2025-nji ýyla çenli iň uly 20 awtoulag öndürijisiniň 75 göterimi bilen görkeziji sensorlar babatda hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýändiklerini aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu 20 kompaniýa 3 ýylyň dowamynda dünýäde satyljak awtoulaglaryň 80 göterimini emele getirer. Şimizu “Sony”-nyň 2021-2023-nji ýyllar aralygynda görkeziji sensorlar üçin 900 milliard ýen (7 milliard dollar) sarp etmegi maksat edinýändigini aýtdy. Şeýle hem Şimizu “Sony”-nyň Ýaponiýada 7 milliard dollarlyk maýa goýum bilen çip zawodyny gurmak üçin TSMC kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edendigini hem aýtdy. Ýolbaşçy ýarymgeçiriji üpjünçiligini kepillendirmek üçin hyzmatdaşlygyny has-da çuňlaşdyrjakdyklaryny belledi.

Bahram Mätýakubow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
LG kompaniýasy blu-ray pleýlerleriň önümçiligini bes etdi
Aşgabatda meşhur BTS toparynyň wideokonserti geçiriler
Diýarymda joşýar şirin owazlar
Sony ýene on ýyldan dünýäniň nähili özgerjekdigini görkezdi
Ilkinji “PlayStation” peýda bolýar
Gün şöhlesiniň ýiti täsirinden goranyň!