Soňky synanyşygyndan öň sekizinjidi, çempion boldy

Wengriýanyň paýtagty Budepeştde dowam edýän ýeňil atletika Dünýä çempionatynda zenanlaryň arasynda üçürdikläp bökmekde çempion bu ýylam üýtgemedi.Wenesuelaly Ýulimar Rohas bassyr 4-nji altyn medalyny boýnuna dakdy.

Ol ýaryşyň final tapgyrynda ilkinji 5 synanyşygyň netijesinde 8-nji orunda barýardy. 2 synanyşygy hasaba alynmadyk 28 ýaşyndaky türgen 3 synanyşygynda-da gowy netije görkezmedi. Ýöne soňky synanyşygynda 15,08 metre böken Rohas çempion boldy oturyberdi.

Ol bu ugurda 15 metre böken ukrainaly Marina Beh-Romançukdan hem-de kubaly Leýanis Peresden (14,96 metr) öňe saýlandy. Şeýlelikde, üçürdikläp bökmekde yzly-yzyna 4 çempionlyk gazanan ilkinji türgen boldy.

Ol umumylykda Kristian Teýlordan soň 4 Dünýä çempionlygyny gazanan 2-nji türgen hökmünde hasaba alyndy.

Ýene degişli makalalar

Soňky synanyşygyndan öň sekizinjidi, çempion boldy
Yzly-yzyna 4-nji çempionlygyny baýram etdi
BAE-de uçýan taksiler hyzmat bermäge başlady
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna halkara şahadatnamalar gowşuryldy
Iň uzak ýaşly adam rekordynyň täze eýesi
ABA ANNAÝEW ADYNDAKY HALKARA ATÇYLYK AKADEMIÝASY HALKARA ŞAHADATNAMASYNYŇ BIRNÄÇESINE MYNASYP BOLDY