Türkmenistanda 6-19-njy maý aralygynda, iki hepde töweregi, howa ýagynly boldy. Käbir sebitlerde ýagyş dowamly ýagdy, ýerli ýaşaýjylar sil suwlaryndan ejir çekdi, wagtal-wagtal güýçli şemal öwüsdi.
Şäher infrastrukturalaryna agram düşdi, oba ýerlerinde ekerançylyk meýdanlary agyr ýitgi çekdi, transport gatnawy kynlaşdy.Käbir sebitlerde hususy ýaşaýyş jaýlaryna üçeklerden suw geçen, fundamentlerden suw syzan hojalyklar boldy, şäher ýerlerinde köp gatly jaýlaryň ýerzeminleriniň ýagyş suwlaryndan dolan pursatlary boldy.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary öý goşlary, haly-palaslary suwda ýüzüp ýören hojalyklar barada habar berdiler.Hususan-da, Aşgabat şäherinde, Ahal we Mary welaýatlarynda ýagyş dowamly ýagdy.Oba ýerlerinde ýollar palçyga bulaşdy. Ýagynly günlerde käbir sebitlerde ene-atalar çagalaryny mekdepden alyp galdy.
Sosial ulgamlarda Aşgabatdan paýlaşylan wideolar we suratlar ygally howanyň gerimini belli bir derejede açyp görkezdi.
Belent ýerden, görnüşine görä, köp gatly jaýlaryň penjiresinden düşürilene meňzeýän bir wideoda asfalt ýoluň gyrasynda “tas däli-jeýhun” bolup akýan ýagyş suwlary bir zenan maşgalany itekläp alyp gidýär. Sil suwlarynyň güýjüne ýere ýykylan zenan maşgala, görnüşinden, duralgada duran iki ýaş ýigit tarapyndan halas edilýär.
Beýleki bir sosial media wideosynda başga bir zenan maşgala ýoluň gyrasynda sil suwlarynyň güýjüne ýere ýykylýar. Ol elindäki papkasyny ýokary göterip, papkany öl etmezligi başarýar. Gapdalda duran adamlar ýere ýykylan zenanyň dadyna ýetişip, ilkibaşda onuň papkasyny, soňra bolsa özüni sil suwundan halas edýärler.
Azatlyk Radiosynyň sosial ulgamlarda çap eden wideosynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda sil suwlarynyň akymyny, şeýle-de bu sebitde gara ýolda sil suwlaryndan ýaňa, haýal hereket edýän bir awtoulagda düşürilen wideony synlasa bolýar. Dowamly çabgalar, hususan-da ýurduň Ahal we Mary welaýatlarynda, şeýle-de Aşgabat şäherinde hasaba alyndy.
Howa maglumatlaryny çap edýän “Meteožurnal” neşiri 8-10-njy maý aralygynda Baýramaly etrabynda ýagan ýagyşlaryň bu sebitde ygalyň aýlyk kadasyna barabar bolandygyny habar berdi.
Biraz soňra, neşir 14-19-njy maý aralygynda ýurduň tas ähli sebitlerinde güýçli ýagyşlaryň hasaba alnandygyny habar berdi. Käbir şäherlerde maý aýynda ýagan ýagyş ýurduň howa maglumatlarynyň taryhynda, soňky 130 ýylda hasaba alnan ygalyň maksimum aýlyk möçberlerinden hem ýokary boldy.
Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we elektron neşirler, adat bolşy ýaly, çabgalaryň we sil suwlarynyň ýol açan netijeleri barada habar bermekden saklandy.
Synçylara görä, türkmen häkimiýetleriň adatdan daşary howa hadysalaryna, tebigy betbagtçylyklara taýýarlygynyň ýetişigi onsuz hem pes. Bu ýagdaý ýurduň Mary we Lebap welaýatlarynda 2020-nji ýylyň 27-nji aprel güni bolup geçen betbagtçylykly harasatda häkimiýetleriň görkezen geleňsizligi bilen ýene bir gezek tassyk bolupdy.
Ýogsa, Türkmenistan adamzadyň ýakyn taryhynda hasaba alnan iň ýowuz tebigy betbagtçylyklaryň birini, 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda bolup geçen we 110 müňden gowrak jan alan Aşgabat ýer titremesini başdan geçirdi.
Bu ýagdaý, göräýmäge, tebigy betbagtçylyklara, adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk meselesini türkmen döwletiniň aňyna, süňňüne, onuň DNK-syna siňdiräýjek ýaly. Ýöne ýurtda her gezek adatdan daşary howa hadysalary bolup geçende döwlet refleksi, esasan, maglumatyň gözegçiligine, tebigy hadysalar barasyndaky maglumatlaryň syzyp çykmagynyň öňüni petiklemäge gönükdirilýär. Ýöne maglumaty petiklemäge derek, sil suwlarynyň öňüni petiklemek halk üçin amatly, häkimiýetler üçin bolsa, hem borç hem mertebe ýaly bolup görünýär diýip, synçylar aýdýar.
Aşgabatda siliň güýçli akymyna gark bolup barýan adamlary görkezýän wideo şekiller türkmen dilli sosial media ulanyjylarynyň arasynda käbir soraglary döretdi. Adamlar özlerinde dörän soraglary wideolaryň aşagynda teswir hökmünde galdyrmakdan çekinmedi.
"Hany bagtyýar döwletiň halas ediş gulluklary; öz halkynyň milli lideri diýilýän Gurbanguly Berdimuhamedow we prezident Serdar Berdimuhamedow nirede we haçan halkyň öňüne çykyp, şu betbagtçylykda halka kömek ederler; hany, Owganystana, Hytaýa, Orsýete yzygiderli duýgudaşlyk bildirýän Gahryman Arkadagyň öz halkyna şu agyr günde bildiren duýgudaşlygy; Ak şäherim Aşgabatda ak ýürekli žurnalist, emeldar, häkim ýokmy?” diýen ýaly soraglar teswir hökmünde ýazyldy.
Ýöne sosial mediadan ses çykdy, döwlet telewideniýesinden ýa-da hökümet neşirlerinden ses çykmady.
Döwlet telewideniýesinde her günde bäş gezek efire berilýän “Watan” habarlar gepleşiginiň 5-nji maý sany ýurda günbatardan çygly howan akymynyň aralaşmagy netijesinde 6-12-nji maý aralygynda ýurduň ähli welaýatlarynda ýagşyň ýagmagyna garaşylýandygyny habar berdi.
Howa maglumatynyň 12-nji maýda efire berlen sany hem, 13-19-njy maý aralygynda demirgazyk-günbatardan çygly howa akymynyň aralaşmagy netijesinde ähli welaýatlarda ýene-de ýagşyň ýagmagyna garaşylýandygyny aýtdy. Ýöne ygalyň güýji, onuň suw joşmalaryna getirip-getirmezligi bilen bagly çaklamalar agzalmady.
Üstesine, şol habar, şol habar boldy. Döwlet telewideniýesi güýçli ýagyşlaryň ýurtda ýol açan oňaýsyz netijelerini, onuň şäher we oba infrastrukturalaryna, ekerançylyga we maldarçylyga ýetiren zyýanlaryny agzamady.
Ýaňy hem belleýşimiz ýaly, synçylar türkmen häkimiýetleriniň adatdan daşary howa hadysalary bilen bagly ýetişiginiň elmydama pes bolandygyny aýdýarlar.
Dünýäniň hiç bir ýerinde häkimiýetler howa hadysalarynyň oýunlaryny gizläp bilmeýär. Sebäbi, meselem, ýagyş ýaganda adamlar muňa özleri şaýat bolýar. Ýagşyň aşagynda ezilýän adamlar öýlerine baryp, telewizory açanlarynda howa maglumatynda 'bu gün ýagyş ýok' diýilse, muňa ynanmaýarlar.
Türkmen telewideniýesiniň ýagyş we yssy howa bilen synagy ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow döwründe hem gün tertibine getirilip, täsin bir waka hökmünde ýatda galypdy.
Nyýazow 2004-nji ýylyň mart aýynda geçiren hökümet mejlisleriniň birinde döwlet telewideniýesinde efire berilýän howa maglumatlarynyň mazmunyna salgylanyp, Gidrometeorologiýa gullugynyň ýolbaşçysyna şeýle nägilelik bildiripdi:
“...Ýalan sözläp, şol öňki howa maglumatyny berip dursuňyz! Beýle edip hem bir işläp bolarmy!? Döwleti aldaýar, halky aldaýar. Düýn 29 gradus yssy boljak diýdi, bu gün ýene-de şony gaýtalaýar. Emma yssy-da ýok, hemme habarlary hem şeýle” diýip, Nyýazow ýokary wezipeli ýolbaşçyny işden boşadypdy.
Ilkinji prezident çykyşynyň dowamynda howa maglumatlary boýunça öz nägileligini şeýle dowam etdirdi:
“Näme, şeýle edip “pogoda” [howa maglumatyny] ýazan bolýarsyňyzmy!? Düýn 29 gradus, bu gün hem 29 gradus yssy bolar diýdiňiz! Hany, yssy!? Hany düýnüň yssysy? Ondan öňki hemme habarlaryň gabat gelenok! Ýagyş ýagmaz diýen bolýar welin, ýagyş ýagýar. Arada üç gün gowy ýagan ýagyş barada sen maglumat bermediň!” diýip, Nyýazow şonda howa maglumatlaryny tankytlapdy.
Programmamyzyň audio görnüşinde bu çykyşyň doly görnüşini diňläp bilersiňiz.
Nyýazowyň bu çykyşynyň üstünden göni 20 ýyl geçdi. Muňa garamazdan, türkmen häkimiýetleriniň howa maglumatlary barasyndaky pozisiýalary, megerem, kän bir özgermedi.
Ýöne 20 ýyl ozalky media pursatlaryndan tapawutlylykda, häzir döwlet ýolbaşçylary, öz aralaryndaky bu hili gürrüňleri açyk gürrüň etmeýärler.
Türkmenistanda soňky hepdelerde dowam eden güýçli ýagyşlar barasyndaky söhbete dolanyp gelsek, bir sosial media ulanyjysynyň teswirleri bilen gürrüňi dowam edeli!
“Çoganly ýaşaýyş toplumynyň köçelerinde akýan sil suwlaryny görkezýän wideo we suratlara galdyrylan teswirlerde ulanyjylaryň aglabasy “şunuň ýaly betbagtçylyk bolanda habar berip bilmese, onda ol döwlet TW-si we Radiosy nämä gerek?” terzde soraglary berip, çoganlylara, aşgabatlylara we, umuman, tutuş ilata duýgudaşlyk bildirýärler” diýip, bir ýerli synçy sosial media teswirçileriniň sözlerini sitirleýär.
Ol Ahal we Mary welaýatlaryndan hem-de Aşgabat şäherinden bolan birnäçe ýaşaýjylara salgylanyp, agyr ýagyşlaryň dowam edýän pursatlarynda ýurtda Internet aragatnaşygynyň çäklendirilendigini gürrüň berýär.
Käbir sosial media ulanyjylary sil suwlarynyň suratlaryny we wideolaryny paýlaşdylar. Ýöne habarçylarymyzyň tassyklamagyna görä, bular soňy bilen häkimiýetleriň basyşlaryna sezewar boldular.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy 20-nji maýda Aşgabatda şeýle materiallary sosial ulgamlarda paýlaşan adamlaryň häkimiýetler tarapyndan öýlerinden alnyp gidilip, soraga çekilendiklerini habar berýär.
Türkmen polisiýasy ýagyş suwlarynyň wideolaryny sosial ulgamlarda paýlaşan adamlara “watany tutuş dünýäniň öňünde garalap, masgara eden adamlar” hökmünde çemeleşdi.
Maglumat üçin aýdylsa, sosial ulgamlarda ýagyş suwlarynyň suratynyň ýa-da wideosynyň paýlaşylmagy ne türkmen kanunçylygyna, ne-de ahlak kadalaryna ters gelýär.
Tebigy hadysalar bilen bagly maglumatlara gözegçilik işleriniň güýçlendirilmegi boýunça Türkmenabadyň polisiýa işgärlerine berlen tabşyryklar häkimiýetleriň “howa hadysalaryna we maglumat gözegçiligine” çemeleşmelerini açyp görkezýär.
Ýerli polisiýa işgäriniň anonim şertlerde beren gürrüňlerine görä, ýurtda güýçli ýagyşlar dowam edýän pursatlarynda, polisiýa işgärleri “ýurdy garalaýjy” foto we wideo materiallaryň daşary ýurda syzylyp çykmagynyň öňüni almak bilen borçlandyryldy.
Üstesine, türkmen häkimiýetleri degişli “materiallar Günbatar ýurtlarynyň ýa-da Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentine baryp ýetse, olar bu maglumatlary içerki ýagdaýlary durnuksyzlaşdyrmak maksady bilen ulanarlar” diýýärler.
Häkimiýetler tebigy hadysalaryň suratlaryny we wideo materiallaryny “ýurdy garalaýjy” materiallar hökmünde kesgitleýärler.
Aşgabatly syýasy synçynyň aýtmagyna görä, indi häkimiýetler diňe bir ykdysady we sosial meseleler däl, eýsem tebigy hadysalar babatynda hem hiç hili habar bermezlik taktikasyny ulanýarlar.Emma indi wagt başga, syýasy we ykdysady kynçylyklaryň üstüne tebigy betbagtçylyk hem goşulýar, bu bolsa resmi Aşgabady dymmak taktikasyndan el çekmäge has ýiti iterýär.
Sebäbi, hökümet öz propagandasynda "biziň ýurdumyzda hiç hili kynçylyk ýok, daşary ýurtlarda bela-beter bolýar, ýöne şonda-da biz şolara kömege barýarys" ýaly taglymatlary kän ulanýar, emma iş ýüzünde durmuş reallyklary yzygiderli tebigy betbagtçylyklaryň, ýiti ykdysady krizisiň, sosial meseleleriň we syýasy doňaklygyň, üzňeligiň we diýdimzorlygyň ilata ýetirýän zyýanlarynyň öňüni almakda häkimiýetleriň hiç hili iş bitirip bilmeýändiklerini we degerli iş bitirmek islemeýändiklerini görkezýär, bu hem bolsa elbetde günüň gününe ilatyň gözünde häkimiýetiň jogapkärçiliksizligini, döwlet işiniň çagşap barýandygyny has çuňňur görkezip başlady diýip, synçy aýdýar.
“Şonuň üçinem, haýdan-haý uly ile gülki bolan dymmalykdan el çekip, jemgyýet bilen dialoga we meseleleriň bardygyny boýun almak bilen olaryň çözgüdini gözlemäge girişmeli. Başga ýol ýok!" diýip, synçy belledi.
Sil suwlary ekerançylyga-da zarba urdy. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Mary welaýatynda ýeralma, gowaça we bugdaý ekilen ençeme gektarlyk ekerançylyk meýdanlarynyň zaýa bolandygyny habar berdiler.
Şeýle-de, habarçylarymyz sil suwlarynda Ahal welaýatynyň Sarahs serhet birikmesinde bir esgeriň ölüp, alty esgeriň dereksiz ýitendigini habar berdiler.
Türkmenistanyň hökümet resmileri we media serişdeleri sil suwlarynyň ýol açan netijeleri barada maglumat bermedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.