Soňky öwrümde öňe saýlandy

Dünýä çempionatynda möwsümiň 11-nji ýaryşy Awstriýada geçirildi. Ýurduň Spilberg şäheriniň “Red Bull” trassasynda geçirilen ýaryşda “Ducati” toparynyň italiýaly sürüjisi Andrea Dowizioso ýeňiji boldy.Ol 28 aýlawy 39 minut 34,771 sekuntda tamamlap, şu ýylky 2-nji, karýerasy boýunça-da 4-nji çempionlygyny gazandy.

Ol soňky öwrümde Mark Markesden öňe geçmegi başardy. Ýaryşa ilkinji hatardan başlan “Hondanyň” ispan sürüjisi Mark Markes 2-nji ýer bilen oňňut etmeli boldy.Ol garşydaşyndan 1 sekuntdan hem az wagt soň (0,213) pellehana geldi.

Umumy sanawyň lideri Markes karýerasy boýunça Moto GP ýaryşlarynda 59-njy gezek ilkinji hatardan bat alyp, ol bu ugurda Mik Duhanyň (58) rekordyny täzeledi.Awstriýa “Gran Prisinde” 3-nji orny “Yamaha” toparynyň fransuz sürüjisi Fabio Kuartararo eýeledi.Geçirilen 11 ýaryşdan soň, Markes 230 utuk bilen öňdeligini saklaýar. 172 utukly Dowizioso 2-nji, 136 utuk toplan italiýaly Daniel Petruççi 3-nji hatarda barýar.

Möwsümiň nobatdaky ýaryşy 25-nji awgustda Beýik Britaniýada geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Hamilton Şumaheriň rekordyny täzeledi
Ilkinji ýeňşi
Petruççiniň ilkinji ýeňşi
Awstriýada Baýnder ýeňiji boldy
Winýalesiň birinji ýeňşi
Täze möwsümiň ilkinji ýaryşy