SOŇKY MINUTLARDA GELEN ÝEŇIŞ

Çempionlygyň dalaşgärlerinden diýlip görkezilýän “Mançester Siti” myhmançylykda “Şalke” toparyny 32 hasabynda ýeňip, çärýek finalyň bosagasyndan ilkinji ädimini ätdi. 13-nji minutda iňlis toparynyň oýunçysy Serhio Aguero hasaby açdy. Ýöne 1-nji ýarym tamamlanmanka, ýer eýeleri 21 öňe saýlanmagyň hötdesinden geldi.

Gollaryň ikisini hem 11 metrlik jerime urgusyndan şu wagta çenli ýerine ýetiren penaltileriniň hemmesinde-de tapawutlanmagy başaran alžirli Nabil Bentaleb öz adyna ýazdyrdy.Duşuşygyň 2-nji ýarymynda myhmanlaryň artykmaçlygy mese-mälim duýuldy.

Hatda olar 68-nji minutda 1 oýunçy kem galandygyna garamazdan (Otamendi 2-nji sarydan gyzyl kart aldy), ýeňiş gazanmagy başardylar.Agueronyň ornuna meýdança giren Leroý Sane ozalky toparyny gynandyrdy.

Onuň 2530 metr aralykdan ýerine ýetiren jerime urgusynda nemes toparynyň derwezeçisine topy saklamak başartmady. 90-njy minutda-da derwezeçi Edersonyň beren pasyndan soň, goragçylaryň-da ýalňyşlygyndan peýdalanan Rahim Sterling topy derwezä ýollap, toparyna ýeňiş getiren oýunçy boldy.

Ýene degişli makalalar

SOŇKY MINUTLARDA GELEN ÝEŇIŞ
Sport habarlary gysga setirlerde
“Altyn top” baýragynyň dalaşgärleri
“Serie A”-da 13-nji tapgyrdan soň üýtgän zat ýok
Transfer täzelikleri
Toparlaryň düzümleri belli bolup başlady