Soňky minutda ýeňşini baýram eden Angliýa yzly-yzyna 2-nji gezek finalda

Ýene-de 3 günden tamamlanjak 17-nji Ýewropa çempionatynda 2-nji finalçy, Ispaniýanyň garşydaşy hem belli boldy.Dortmund şäherinde oýnalan ýarym final duşuşygynda Angliýanyň ýygyndysy Niderlandlaryň ýygyndysyny soňky minutda geçiren goly esasynda 2-1 hasabynda utdy. 1-nji ýarymy hem-de 2-nji ýarymyň soňky 15 minuty çekeleşikli geçen oýunda Niderlandlar ilkinji bolup hasaby açdy.

Duşuşygyň 7-nji minutynda Hawi Simons uzak aralykdan owadan urgy bilen pyrtykal reňkdäkileri öňe saýlady. Ýöne kembek etmegi endik edinen iňlisler ýene bir ýola baş alyp çykmagy başardy. 18-nji minutda baş emin Feliks Zwaýer VAR-yň duýdurmagyndan soň iňlisleriň peýdasyna penalti urgusyny belledi.

Ony-da dürs uran Harri Keýn hasaby deňledi. Ýewropa çempionatlaryndaky 7-nji goluny geçiren Keýn milli ýygyndynyň yklym ýaryşyndaky iň netijeli 2 futbolçysynyň biri bolup, ol bu ugurda Alan Şirer bilen deňleşdi. Şol bir wagtyň özünde-de Ýewropa çempionatynyň çäginde pleý-off duşuşyklarynyň iň köp gol geçiren futbolçysy hökmünde hasaba alyndy (6 gol). 1-nji ýarymda Niderlandlardan Dumfrisiň topy çyzykda saklamagy, şol sanda onuň kelle urgusynda topuň derwezäni ýokarky kese agajyna degmegi, şeýle-de, iňlislerden Fodeniň uzakdan uran urgusynyň sütüne degip, meýdançanyň daşyna çykmagy beýleki ýatda galan pursatlar boldy.

Duşuşygyň 1-nji ýarymy 1-1 hasabynda deňlikde tamamlandy.

2-nji ýarymda-da toparlar wagtal-wagtal toparlar depgini güýçlendirse-de, umumylykda oýun ortatap ýagdaýda geçdi. Oýnuň 81-nji minutynda tälimçi Sautgeýt hüjümçi Keýniň ornuna Olli Watkinsi, Fodeniň ornuna-da Palmeri meýdança girizdi. 10 minutdan soňam, has takygy, 90+1-nji minutda, Palmeriň pasyndan soň Watkins Angliýa ýeňiş getiren, iňlisleri finala çykaran oýunçy boldy. Ol duşuşygyň ýyldyzy saýlandy.

Şunlukda, Angliýanyň ýygyndysy Ýewropa çempionatynda bassyr 2-nji gezek finala çykdy. Şeýle waka Ýewropa çempionatynda 6-njy gezek gaýtalanyp, Angliýanyň ýygyndysy yzly-yzyna finala çykan 4-nji topar boldy.

Angliýadan ozal SSSR (1960-1964), Germaniýa (1972-1976, 1976-1980, 1992-1996) hem-de Ispaniýa (2008-2012) yzly-yzyna finala çykypdy.Mundan öňki 3 topar şol yzly-yzyna finallaryň azyndan birinde çempion bolupdy.

Netijede, Angliýanyň ýygyndysy ýekşenbe gününde Berlinde oýnaljak finalda Ispaniýanyň ýygyndysy bilen duşuşar. Duşuşyk 00:00-da başlanar.

Ýene degişli makalalar

Ispaniýanyň futbol ýygyndysy Ýewropanyň çempiony boldy
EURO 2024 Çempionatynyň Çempiony Ispaniýa Boldy
Ispaniýa Ýewropanyň ýeňlişsiz ýeňijisi
Awstraliýada Titanik gämisiniň nusgasyny suwa goýbermekçi bolýarlar
Geçen ýylyň iň köp girdeji gazanan türgenleri