“Soňky jaň” häkimiýetleriň berk gözegçiligi astynda geçdi

“Soňky jaň” häkimiýetleriň berk gözegçiligi astynda geçdi

25-nji maýda Türkmenistanyň orta mekdeplerinde “soňky jaň” dabarasy geçirildi. Geçen ýyllarda bolşy ýaly, uçurymlaryň bu dabarasy häkimiýetleriň berk gözegçiligi astynda geçdi.

24-nji maý gijesinden 26-njy maý gijesine çenli wagt aralygynda Aşgabat we Mary şäherleriniň köçelerinde polisiýa işgärleriniň sany göz-görtele artdy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 27-nji maýda paýtagtdan we Marydan maglumat berdiler.

“Aşgabatda “soňky jaň” dabarasyndan soň, uçurymlara seýilgählere gezelenç etmek gadagan edildi. Polisiýa işgärleri etrapçalara aýlanyp, ýetginjekleri berk gözegçilikde sakladylar” diýip, aşgabatly ýaşaýjy şaýat bolan ýagdaýlaryny anonim şertde gürrüň berdi.

Polisiýa işgärleri uçurymlaryň ýa-da ýokary synp mekdep okuwçylarynyň ýöräp barýandygyny we bir ýere ýygnanýandygyny görseler, olaryň ýanyna baryp, öýlerine dargamalydyklaryny aýtdylar.

“Uçurymlar polisiýa işgärlerinden näme sebäpden gezelenç etmegiň we şatlanmagyň gadagandygy barada soranda, olar “ýokardan berlen buýruk” diýen jogaby bermek bilen çäklendiler” diýip, şu ýyl mekdebi tamamlaýan aşgabatly uçurym anonim şertde gürrüň berdi.

“Soňky jaň” dabarasy Maryda hem pugtalandyrylan gözegçilikde geçdi. Hususan-da, gözellik salonlaryna baryp, saçyny we ýüzüni timarladan okuwçylar polisiýanyň üns merkezinde boldy.

“Gutardyş klaslaryň okuwçy oglan, gyzlary “soňky jaň” dabarasyna taýynlanmak üçin daň bilen salonlara bezenmäge bardylar. Soňky ýyllarda bolşy ýaly gözellik işgärleri okuwçylary salonlara gizlin saldylar. Sebäbi salonlaryň töwereginde polisiýa işgärleri berk gözegçilikde boldular. Salona barýan okuwçylaryň arasynda polisiýa işgärleri tarapyndan saklanyp, soraga çekilenler hem boldy” diýip, habarçymyz aýtdy.

Käbir gözellik işgärleri salonlaryň ýanyndan aýlanýan polisiýa işgärlerine 400-500 manat para berip, gelýän müşderileri saklamazlygy soradylar.

“Salon işgärleri 24-nji maýda agşam gijesi bilen gizlin işlediler” diýip, habarçymyz aýtdy.

Polisiýa işgärleri mekdepleriň töweregine hem nobatçylyk çekdiler. Mekdepleriň öňünde geçirilen “soňky jaň” dabarasyndan soň, uçurymlara öz synplarynda mugallymlaryň jogapkärçiligi astynda, iki sagatlyk üýşmeleň geçirmäge rugsat berildi.

“Uçurymlara mekdepden daşarda gezelenç etmek ýa-da klasdaşlary bilen üýşmek gadagan edildi. Eger ýolda-yzda ýaş oglanlar we gyzlar görülse, polisiýa jaň etmelidigi barada duýduryş edildi. Munuň bilen bagly, 25-nji maýda mugallymlaryň ençemesi şäher we oba köçelerinde nobatçy bellenildi. Olar gije sagat 1-e çenli nobatçylyk çekdiler” diýip, maryly mugallym anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Maryly uçurymlaryň köpüsi “soňky jaňy” göwnejaý gurnap bilmändiklerini aýdyp, häkimiýetlere nägilelik bildirýär we oturyşlyklary jemleýji synaglardan soň, iýul aýynda geçirmegi meýilleşdirýändiklerini aýdýar.

“Ellerimize attestatlarymyzy alanymyzdan soňra mekdebe degişli ýerimiz galmaýar” diýip, maryly uçurym anonim şertde belledi.

Azatlyk bu barada Aşgabadyň we Marynyň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Bilim we Polisiýa müdirliklerinden teswir alyp bilmedi.

Soňky ýyllarda bolşy ýaly şu ýyl hem türkmen häkimiýetleri “soňky jaň” dabaralaryny çäkli görnüşde guramalaşdyrmak, oturyşlyklaryň öňüni almak boýunça çärelerine maýyň ikinji ongünlüginde başladylar. Köçelerde polisiýa işgärleriniň sany artdyryldy, kafedir restoranlaryň işi wagtlaýyn çäklendirildi, taksi sürüjilerine okuwçylara we talyplara hyzmat etmek gadagan edildi. Häkimiýetler gadagançylyklaryna resmi derejede düşündiriş bermeýärler.

Mekdep ýolbaşçylary dilden berýän maglumatlarynda çäreleriň sebäbini “mümkin bidüzgünçilikleriň öňüni almak tagallalary” bilen düşündirýärler.

Emma ýagdaýlardan habarly ýerli synçylaryň birnäçesi bu çäreleriň sebäbiniň “häkimiýetleriň ýetginjekleriň bir ýere ýygnanmagyndan we olaryň arasyndaky uçgundan gorkýandygy” bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.

“Sebäbi mekdep okuwçylary we talyplar toparlanyşyp üýşende, öz watanynda häkimiýetleriň näme üçin hereketi çäklendirýändikleri barada pikir alyşmaga başlaýarlar. Olar iş ýokdugy, işe diňe tanyş-biliş arkaly ýerleşip bolýandygy barada gürrüň edýärler. Netijede, häkimiýetleriň ilata düýbünden rugsat bermeýän çekişmesi - syýasy çekişme ýüze çykýar” diýip, aşgabatly synçy anonim şertde belledi.

Türkmenistanyň berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri "soňky jaň" dabarasy bilen bagly girizilýän çäklendirmeler barada mesele gozgamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Lebap welaýatynda mekdep-internatlaryň 396-synda jemleýji döwlet synaglaryna taýýarlanylýar
Ýurdumyzda “Soňky jaň” we Aşgabat...
Türkmenistanyň Prezidenti Soňky jaň dabarasy mynasybetli Gutlagyny ýollady
Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk ýowaryna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Watanymyzyň gözelligini artdyrmak her bir türkmenistanlynyň watançylyk borjudyr
Milli Liderimiz ählihalk ýowaryna gatnaşdy