Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Ukraina täze nesil balistiki raketa bilen hüjüm gurandyklary hakyndaky beýannamasyny “Putin şu ýyl söweşi dowam etdirmek üçin işe girişendigini boýun aldy” hökmünde analiz etdi.
Wladimir Zelenskiý, Russiýanyň ýurduna täze nesil balistiki raketa bilen guran hüjüminden soň beýannama berdi.
Wladimir Putininiň “Oreşnik” atly orta aralykly raketa bilen Ukrainanyň Dnipropetrowsk şäherindäki harby senagat desgasyna hüjüm gurandygyny ýatladan Zelenskiý, “Putin, şu ýyl söweşi dowam etdirmek üçin işe girişendigini boýun aldy. Täze balistiki raketa ulanyldy. Putin, Ukrainanyň iň uly şäherlerinden biri bolan Dnipropetrowski nyşana aldy” diýdi.
Russiýanyň Demirgazyk Koreýali azyndan 11 müň esgeri söweşdirýändigini ýatladan Zelenskiý, ýurduna garşy ilkinji gezek täze rus balistiki raketasynyň ulanylandygyny ýatlatdy.
Şol raketanyň ulanylmagy bilen Russiýanyň BMG-nyň şertini basgylandygyny aýdan Zelenakiý, “Soňky hüjüm Russiýanyň asla parahatçylyk islemeýändigini açyk aýdyň görkezýär” diýdi.
Russiýanyň Prezidentiniň, Russiýa-Ukraina söweşiniň başlamagyndan jogapkärdigini aýdan Zelenskiý, dünýänin rus hüjümlerine garşy ýeterlik reaksiýa görkezmeýändigini belledi.