Soňky bir hepdede 95 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Soňky bir hepdede 95 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Şol çäkde Türkiyäniň Ýaragly güýçleriniň terrory gözbaşynda ýok etmek düşünjesiniň esasynda dowamly we giňişleýin ýagdaýda geçirilýän operasiýalarda soňky 1 hepdede 95 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Şeýlelik bilen 1-nji ýanwardan bäri şu günki güne çenli 983-i Yrakda, 980-i Siriýada bolmak bilen jemi täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 1963-e ýetdi.

Beýanatda 2-nji we 9-njy sentýabrda Yragyň demiragzygyndaky Metina, Zap, Gara, Hakurk, Kandil we Asos sebitlerinde terrorçylara degişli bolan ýerlere garşy geçirilen operasiýalar barada hem maglumat berildi.

Operasiýada aralarynda jogapkär ýolbaşçy terrroçylaryň bardygy kesgitlenen gowaklar, gaçybatalgalar, ammarlar we terror guramasy tarapyndan ulanylan desgalardan ybarat jemi 41 nyşana üstünlik bilen ýok edildi.

Iň ýokary derejede ýerli we milli ok-därileriň ulanylan operasiýalarda ilkinji kesgitlemelere görä 27 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Beýanatda geçirilen operasiýalaryň nyşanalara täsirini gözden geçirmegiň dowam edýändigi mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Terrora Garşy Egilşiksiz Göreş Dowam Edýär
Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Içeri işler ministri "Galkan-19" operasiýasy barada maglumat berdi
Demirgazyk Kawkazda terrora garşy operasiýa geçirildi
Yragyň demirgazygynda PKK-a agza üç terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
ABŞ, Rafaha Guraljak Gury Ýer Operasiýasyna Garşy