Soňky bäş ýyllykda Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda Merkezi Aziýa döwletleriniň paýy 18,8 göterime deň boldy

Soňky bäş ýyllykda Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda Merkezi Aziýa döwletleriniň paýy 18,8 göterime deň boldy

2017 — 2022-nji ýyllaryň aralygynda Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynyň 18,8 göterimi Merkezi Aziýa döwletleriniň paýynda düşýär. Bu barada Özbegistanyň Makroykdysadyýet we sebitleýin gözlegler instituty Merkezi Aziýa döwletleriniň özara hyzmatdaşlyk indeksiniň täze hasabatynda habar berdi.

Merkezi Aziýa döwletleriniň özara hyzmatdaşlyk indeksi 7 görkeziji (eksport, import, söwda dolanyşygy, göni daşary ýurt maýa goýumlary, syýahatçylyk, zähmet migrasiýasy, söwda belgilerini açmak üçin berilýän arzalar) boýunça sebitiň ýurtlarynyň özara hyzmatdaşlyk derejesini kesgitleýär. Mysal üçin, göterim görnüşinde sebit ýurtlaryna amala aşyrylan eksportyň dünýäniň beýleki ýurtlary bilen söwda dolanyşygyndaky paýy ölçelýär.

Täzelenen indeksde sebitde söwda belgileriniň hasaba alnyşy babatda uly ösüş göze ilýär. Has takygy, bu ugur boýunça görkeziji 2,2 esse artyp, 60,1 göterime deň boldy. Munuň özi sebitiň ýurtlarynyň işewürleriniň Merkezi Aziýadaky beýleki döwletlerde öz karhanalaryny açmaga bolan islegleriniň uly depginde artýandygyny tassyklaýar.

Mundan başga-da, hasabat döwründe Merkezi Aziýa sebitiniň içerki eksporty 1,3 esse (ýagny umumy eksportdaky paýy 11,4 göterim bolanlygyndan 14,7 göterime çenli), içerki import bolsa 1,2 esse (ýagny umumy eksportdaky paýy 17 göterim bolanlygyndan 20,4 göterime çenli) ýokarlanypdyr.

Bu bolsa Merkezi Aziýa döwletleriniň öz aralaryndaky söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak babatda alyp barýan işleriniň netije berýändigini aňladýar.

Şeýle-de 2017 — 2022-nji ýyllaryň aralygynda Merkezi Aziýa sebitindäki içerki syýahatçylyk 1,1 esse, sebitdäki göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberi bolsa 1,02 göterim artypdyr.

Ýene degişli makalalar

Ýurdumyzda geljek ýylda 40,1 milliard manat möçberinde maýa goýmak meýilleşdirilýär
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalar we maslahatlar geçiriler
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty halkara olimpiada we ylmy-amaly maslahat geçirýär
Türkmenistan ykdysadyýetiň pudaklaryna 40,1 milliard manat maýa goýmagy meýilleşdirýär
Sanly ykdysadyýet ösüşleriň girewi
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda Makroykdysadyýet boýunça II Açyk Halkara Internet olimpiadasy geçirildi